HYZMATDAŞLARYMYZ BILEN UZAK ARALYKDAN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
56628-nji martda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Belarus döwlet agrar tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Oba hojalygynda zähmeti goramak» atly tema boýunça uzak aralykdan onlaýn okuw sapagy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 23-nji maýynda «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet agrar tehniki uniwersitetiniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Şertnama» baglaşyldy. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Muňa geçirilen onlaýn okuw sapagynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.
Okuw sapagynyň dowamynda Tikin önümçiligi kafedrasynyň mugallymy Maral Seýidowa oba hojalyk pudagynda işleriň howpsuz alnyp barlyşy we ýüze çykyp biljek pajygaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin geçirilmeli çäreler dogrusynda çykyş etdi. Oba hojalygynda zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary bilen pikir alşylmagy geçirilen onlaýn okuw sapagynyň täsirini has hem artdyrdy.
Meýlis MEREDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma
önümçiligi fakultetiniň Pagtany
ilkinji işlemek kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi.