BERKARAR DÖWLETIŇ MERTEBE TUGY

793
Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaklarynda bagtyýar zenanlaryň arasynda geçirilen «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy» atly bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa fakultetiniň mugallymy Gülälek Allakulyýewa 1-nji orna mynasyp boldy. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan ylham alnyp, Diýarymyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerini dabaralandyrmak hem-de wagyz etmek, her bir maşgala we maşgala agzalaryna ýetirmek maksady bilen guralan bäsleşige gatnaşyjylar üç tapgyrda bäsleşdiler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyndan parçalary labyzly okadylar. Täze taryhy eýýamda amaly-haşam sungatyny, däp-dessurlarymyzy, halyçylyk sungatyny ösdürmekde, gadymy keşdeçilik sungatymyzyň ýitip barýan nusgalaryny dikeltmekde we nesillere ýetirmekde, olary giňden wagyz etmekde maşgalanyň, zenanlaryň orny barada anyk mysallara salgylanyp gürrüň edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli ýürek buýsançlary beýan edildi. Täze esere bagyşlanan eserler uly joşgun bilen ýerine ýetirildi.

Milli mirasymyzy gaýtadan dikeltmäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Maýagözel GYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň ilkinji 
zenanlar guramasynyň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm