ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GUWANJY ÝAŞLAR, BERKARAR WATANYŇ DAÝANJY ÝAŞLAR

1105
Şeýle at bilen golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň  «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň many-mazmunyny, döwlet ýaşlar syýasatynyň ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen guralan dabarada professor-mugallymlardyr talyp ýaşlar çykyş etdiler, goşgy okadylar. Uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň döwrümiziň beýik galkynyşlary, ýaşlyk joşguny hakyndaky aýdym-sazly çykyşlaryna giň gerim berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda üstünlikleri beýan edilýän talyp ýaşlaryň gatnaşmagy we ýürek buýsançlaryny beýan etmekleri dabaranyň täsirliligini artdyrdy. Nygtalyşy ýaly, kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemlenmegi, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp ýaşlaryna hem aýratyn orun berilmegi buýsandyryjydyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen dabarada döwlet Baştutanymyzyň «Halkymyz, Watanymyz, Döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy — zehinlerimize ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr» diýen sözleri buýsanç bilen nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny dileg etdiler.

Gadamdurdy HOJAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar 
lukmançylygy fakultetiniň Weterinar 
lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52