OBA HOJALYK IŞEWÜRLIGINIŇ MÜMKINÇILIKLERI HAKYNDA PIKIR ALŞYLDY

584
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda täze — 2024-nji ýylyň ilkinji ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Nobatdaky duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Şamämmet Annaýew oba hojalygynda telekeçilik we onuň geljegi uly bolan ugurlary barada çykyş etdi.

Telekeçiniň bellemegine görä, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde telekeçilik işi kanunçylyk esasynda yzygiderli ösdürilýär. Hut şu jähetden hem bu ugurda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi pudagyň ösmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Muňa mysal edip, «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki hukuk-dolandyryş namalaryny görkezmek bolar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde hereket edýän hukuk resminamalary raýatlaryň ukyp-başarnygynyň açylmagy, işjeňliginiň ýokarlanmagy, ahyrky netijede, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagy üçin kämil binýady emele getirýär.

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde bütin ýylyň dowamynda şäherleriň we obalaryň ilatyny ter gök önümler bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyrylýar. Olar ýerli telekeçiler tarapyndan gurulýar. Ýyladyşhana şertlerinde dürli ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek ykdysady taýdan ýokary netijeleri berip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny ösdürmäge uly mümkinçilik döredýär.

Oba hojalyk işewürliginde hem ylym we tehnologiýa, bazary öwrenmek, maliýe, taýýar önümi ýerlemek ýaly ençeme meselelere üns berilýär. Senagatlaşma bazar hojalygynyň alamaty hökmünde ykdysadyýetiň önümçilik-tehnologik ýagdaýyny häsiýetlendirýär. Oba hojalyk ykdysadyýetiniň ösüş derejesi köp babatda senagat usullaryny döretmekde we peýdalanmakda gazanylanlar bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin hem, ýurdumyzyň ussat telekeçileri öz işlerini dünýä ülňülerine laýyklykda täzeçil usullar hem-de innowasion tehnologiýalar arkaly alyp barýarlar.

Geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar telekeçilik işi hem-de oba hojalygynyň möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar.

Bibihatyja AŞYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň 
guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň 
mugallym-öwrenijisi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm