TÄZE ÝYL DABARALARY ULY RUHUBELENTLIGE BESLENDI

1125
Bilim ojagymyzda Täze ýyl dabaralary, çäreleri biri-birine ulaşdy. Olarda nygtalyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň durmuşynda uly üstünlikli ýyllaryň biri boldy. 16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanan taslamalary bilen tanyşdy. Ýakyn geljekde Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenler taýýarlanýan ýokary okuw mekdepli, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigini aýtdy. 

2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, onuň gurluşygynda hem-de bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň şekil taslamalary, ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Geçen ýyl Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «UI GreenMetric World University Ranking» sanawyna goşuldy. 2023-2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimizde täze «Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda)» taýýarlyk ugry açyldy hem-de oňa ýurdumyzyň welaýatlary we Aşgabat şäheri boýunça jemi 20 talyp okuwa kabul edildi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi, Hasyl toýy mynasybetli «Ylymly ýaşlar — döwletimiziň geljegi» atly oba hojalygy bilen baglanyşykly ylmy işleriň we taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi. 

Bilim ojagymyzyň guramagynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika, fizika, informatika, materiallaryň garşylygy, inžener grafikasy derslerinden ders bäsleşikleri netijeli boldy. Ýokary okuw mekdebimiziň «Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygynda ylmy gazanylanlar» atly ylmy makalalaryň ýygyndysynyň I goýberilişiniň çap edilmegi baş baýramymyza mynasyp sowgat boldy. Şeýle üstünliklerimiziň hataryny ýene-de uzaldyp bolar. Bu görkezijiler agzybirlikdäki, maksada okgunly, jogapkärçilikli hem-de döredijilikli zähmetiň, talyp ýaşlarymyzyň özlerine bildirilýän ynama mynasyp jogap berýändiginiň netijesidir.

Täze ýyl hemmämize rysgal-döwlet, bagt getirsin! Täze ýyl bedew bady bilen ählimizi maksat-myrada ýetirsin!

Ogulbossan GYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa 
fakultetiniň ýüpekçilik hünäriniň 
1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm