ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLYNDA ÜSTÜNLIK GAZANANLARA SYLAGLAR GOWŞURYLDY

1334
Golaýda uniwersitetimizde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda tapawutlanan, gowy netije görkezen professor-mugallymlaryň we işgärleriň, şeýle-de halkara we döwlet bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan, sport we medeni-köpçülikleýin çärelere hem-de bäsleşiklere gatnaşyp, orun alan we tapawutlanan talyp ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabarada nygtalyşy ýaly, 2023-nji ýyl S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti üçin hem uly üstünlikli, rowaç ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigine uniwersitetimizden 42 talyp 14 dersden gatnaşyp, 7 sany 1-nji, 16 sany 2-nji, 15 sany 3-nji orna, jemi 38 orna mynasyp boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdebimiziň rektory döwlet bäsleşiginde aýratyn işjeňlik görkezen talyp ýaşlarymyza, olary taýýarlan professor-mugallymlarymyza köp sagbolsun aýtdy, geljek ýyllarda-da uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem 2023-nji ýylda talyplarymyz halkara olimpiadalarda we ders bäsleşiklerinde 20-ä golaý medal, 70-den gowrak diplom bilen sylaglandylar. 

Döwlet derejesinde geçirilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda 16 sany I orna, 10 sany II orna, 17 sany III orna mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2023-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginde 2 mugallymymyz ýeňiji boldy. Uniwersitetimiziň 2 mugallymy hem-de 2 talyby Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy. Sylag gowşuryş dabarasynda olaryň ählisi gutlanyp, şeýle uly üstünlikleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Yhlasmyrat TAGANMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar 
lukmançylygy fakultetiniň kinologiýa 
taýýarlyk ugrunyň (bakalawr) 
1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm