ÝOKARY OKUW MEKDEBIMIZ HALKARA FORUMA GATNAŞÝAR

1141
27-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerini jemleýän özboluşly çäre — halkara ylmy-amaly maslahat we köpugurly sergi öz işine başlady. Oňa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti hem gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň durmuşyna, ykbalyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby halkara foruma uly sowgat boldy.

Bu ýerde milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, welaýatlary hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleri, ýokary okuw mekdepleri öz diwarlyklaryny görkezýär. Olarda ähli ugurlardaky belent ösüşlere ýaşlarymyzyň goşýan goşantlary öz beýanyny tapypdyr. Bu serginiň aýratynlygy ähli diwarlyklaryň sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagydyr. Ýokary okuw mekdepleri hem bir bitewi panoramaly meýdançada maglumat panelleriniň ulgamynda ýerleşýär.

Sergide uniwersitetimiziň talyp ýaşlarynyň we ýaş alymlarynyň taýýarlan taslamalary, ýagny organomineral döküni öndürmegiň, pürli bezeg agaçlarynyň düzümindäki efir ýaglaryny parfýumeriýa senagatynda ulanmagyň döwrebap tehnologiýalary, «Eko-rakowina», «Sanly oba hojalyk» taslamalary, «Fitoçözgüt» ykjam goşundysy hem-de «Akylly işgär» roboty görkezilýär. Bu taslamalarda oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak hem-de işleri ulgamlaýyn alyp barmak boýunça häzirki zaman çözgütleri beýan edilýär. Bulardan başga-da, ýokary okuw mekdebimize degişli diwarlykda talyplarymyzyň tutuş ýylyň dowamynda halkara hem-de döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri şöhlelendirilýär. 

Foruma gatnaşyjylar şeýle ajaýyp ösüşleriň, üstünlikleriň gözbaşynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarlar.

Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň oba 
hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy 
fakultetiniň maglumat ulgamlary we 
sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri, 
uly mugallym.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm