ORGANIKI DÖKÜNLERIŇ ÄHMIÝETI HAKYNDA PIKIR ALŞYLDY

484
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda organiki dökünler barada ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda tejribeli hünärmen Timur Geldiýew organiki dökünleriň umumy häsiýetnamasy, ulanylyşy, şeýle hem bioorganiki dökün bolan «Nourivit» önüminiň ekerançylyk pudagyndaky ähmiýeti dogrusynda çykyş etdi. Bellenişi ýaly, organiki dökünleriň ulanylmagy arkaly ekerançylygyň alnyp barylmagy topragyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni alýar we zaýalanan ýer bölekleriniň dikelmegine ýardam berýär. Organiki ekerançylyk arkaly ösdürilen ösümlikler kesellerdir mör-möjeklere garşy durnukly bolýar. 
Hünärmeniň aýtmagyna görä, önümçiligi ýola goýlan organiki döküniň hem-de tebigy önümiň ekerançylykda hem-de maldarçylykda ähmiýetini barlamak maksady bilen birnäçe tejribeler geçirildi. Barlaglara laýyklykda, tebigy goşundynyň diňe bir ösümliklere däl, eýsem, mallar üçin hem täsirli maddalary özünde jemleýändigi anyklandy. 
Oba hojalyk ekinlerinde organiki dökünleri ulanmagyň ýokary netijeliligi, öňi bilen, olaryň dökülmeli mukdarynyň dogry kesgitlenmegine baglydyr. Dökünleriň mukdaryny dogry kesgitlemek üçin ösümlikleriň her biriniň biologik aýratynlyklaryny, ekinleriň toprakdan we dökünlerden iýmit maddalaryny özleşdiriş derejesini hem-de topragyň agrohimiki häsiýetlerini göz öňünde tutmaly. 
Geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynda organiki dökünleriň ähmiýeti barada giňişleýin pikir alşyldy. Ýurdumyzda organiki ekerançylygyň ösdürilmeginiň adam saglygyna zyýansyz iýmit önümleriniň öndürilmegine uly mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.

Mähri BEGÇAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň oba hojalygynyň guralyşy we
dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm