YLMY-AMALY MASLAHAT HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZA BAGYŞLANDY
394Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygyň we asudalygyň ygtybarly daýanjydyr» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Onuň umumy mejlisinde türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygyň kepilidigi, taryhy kökleri we aýratynlyklary, Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň üstünlikleri hakynda çykyşlar diňlendi. Nygtalyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar.
Soňra ylmy-amaly maslahat «Bitaraplyk — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň kepili», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «Ylym — nurana geljege ak ýol», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär» atly bölümlerde dowam etdi.
Olarda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde, aýratyn-da, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda hemişelik Bitaraplygymyzyň waspy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslary, energetika, ulag we ekologiýa diplomatiýasy hakynda gürrüň edildi. 12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň many-mazmuny, Türkmenistanyň abraýly halkara guramalaryň işjeň agzasydygy, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar Bitaraplyk ýyllarynda oba hojalyk pudagynyň innowasion ösüşi, türkmen Bitaraplygynyň ynsanperwerlik jähetleri, «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy hakynda pikir alyşdylar. Oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlarynda, tebigy we takyk ylymlarda, daşary ýurt dillerini okatmakda gazanylanlar, öňde duran wezipeler hakynda aýdyldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdiler. Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyryp, dünýä nusgalyk Bitaraplyk ýörelgelerimizi mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.
Gülaýym SAPARMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa
fakultetiniň ösümlikleri goramak
hünäriniň 4-nji ýyl talyby.