WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
4437-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda Täze ýyl baýramçylygyny guramaçylykly, parahat geçirmek maksady bilen, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, zyýanly endikler, şeýle-de partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän täsiri, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak barada çykyşlar diňlendi. Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyz giňden wagyz edildi. Çykyş edenler ýurdumyzda gazanylýan ähli üstünliklerde, ýetilýän belent sepgitlerde ýaşlaryň hyzmatynyň uludygy, talyp ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak ýaly meseleler barada gürrüň berdiler. Täze — 2024-nji ýylyň barha golaýlap gelýändigine üns çekilip, baýramçylyk günlerinde, umuman, tertip-düzgünliligi üpjün etmek hakynda bellendi. Talyp ýaşlara köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, düzgün bozulmalara ýol bermezlik, hukuk jogapkärçiligi barada giňişleýin düşünje berildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halal zähmet çäkmäge, okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.
Myratgeldi ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar
lukmançylygy fakultetiniň maldarçylyk
hünäriniň 5-nji ýyl talyby.