Arkadag şäherine guralan gyzykly gezelenç
1269Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň şäherlerini, obalaryny, şäherçelerini, etraplardaky şäherlerini we etrap merkezlerini ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy 29-njy iýunda ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi. Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.
Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumataragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäheriň täsin binalaryny ýakyndan tanyşmak maksady bilen uniwersitetimiziň talyp ýaşlary ýaş mugallymlaryň ýolbaşçylygynda Arkadag şäherine gezelenje bardylar. Guralan gezelenjiň barşynda olar täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirkizaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny buýsanç bilen synladylar. Ajaýyp Akhan binasyndan başlanan gyzykly gezelençde uniwersitetimiziň agzybir düzümi Arkadag şäherindäki ýerleşýän binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň binagärlik keşbini synlap, söwda we dynç alyş merkezine we Görogly adyndaky atçylyk sirkine baryp gördüler. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyşdurmuş şertlerini üpjün edýändigini buýsanç bilen bellediler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Wepamyrat Hojamyradow,
Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň
uly mugallymy