Uniwersitetimizde “Arkadag şäheri-Geljegiň şäheri” atly döredijilik maslahaty geçirildi

1033
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar”  ýylynda her bir günümiziň taryhy senelere beslenmegi ýylymyzyň rowaçlanýandygynyň nyşany bolup durýar. Şol taryhy wakalaryň biri hem ýaňy ýakynda Köpetdagyň eteginde gözel tebigatymyzyň sazlaşygynda bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, döredijiliginden bina edilen dünýä ýüzüni özüniň binagärlik derejesi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen haýrana goýýan Arkadag şäheriniň waspy bu günki gün dillerde dessan, köňüllerde sena bolup ýaňlanýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň dürli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary, ylmy-amaly maslahatlar uly joşgun, ruhubelentlik bilen geçirilýär. 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň üstünlikli açylmagy mynasybetli “Arkadag şäheri-Geljegiň şäheri” atly döredijilik maslahaty geçirildi. Uniwersitetimiziň gök baglyga bürelen böleginde, açyk asmanyň astynda guralan bu dabaraly çäre turuw başdan joşguna beslendi. Dabarada uniwersitetimiziň professor-mugallymlary, bagtyýar talyp ýaşlary ähli babatda dünýä standartlaryna laýyk gelýän, akylly şäher derejesi berlen Arkadag şäheriniň tarypyny ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Çykyşlarda Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi, ekologiýa taýdan arassalygy, akylly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de şäheriň dürli edara-binalaryna, köçelerine we beýleki hyzmat ediş merkezlerine türkmen halkynyň merdana şahsyýetleriniň adyny dakylmagy ussatlyk bilen wasp edildi. Döredijilik maslahatynyň dowamynda ýerine ýetirilen çeper okaýyşlar, şirin aýdymlar we ajaýyp tanslar dabaranyň baýramçylyk joşgunyny has-da belende göterdi. Soňra dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we onuň peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. 
Tirkeş Baýramgeldiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Senagat balykçylygy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm