Oba hojalygynda mahabat we marketingiň guralyşy boýunça okuw sapagy geçirildi

595
Eziz watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň pähim paýhasyndan ruhlanyp ähli babatda ösen jemgyýeti kemala getirýär. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan ýeňişler, ýetilýän sepgitler ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň subutnamasydyr. 
Häzirki wagtda oba hojalyk pudagymyzyň senagatlaşdyrylmagy we bu pudagy has-da girdeýjili etmekde ykdysady çemeleşme örän möhüm orny eýeleýär. Soňky wagtlarda ýerli önümlerimiziň mahabat işleriniň ýokarlanýandygyny biz şäherimizde, jemgyýetçilik ulaglarynda, sanly ulgamlar arkaly habar beriş serişdelerinde gündelik durmuşymyzda gabat gelýäris. Ony ýokary derejede ýola goýmakda her bir hünärmeniň mahabat- marketing babatynda düşünjesiniň bolmagy zerurdyr. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni geçirilýän maslahatlarymyza, ylmy-tejribe duşuşyklarymyza ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenlermiz, telekeçilerimiz çagyrylyp, olar bilen tejribeler paýlaşylýar. Bu gezekki ylymlar günümizde geçirilen okuw maslahaty Oba hojalygynda mahabat we marketingiň guralyşyna bagyşlandy. Okuw maslahatynda  Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Säher Aşyrow çykyş edip, ol ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda marketingiň guralyşy boýunça  maslahata gatnaşyjylara gürrüň berdi. Tejribeli hünärmen islendik edara kärhananyň öndürýän önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaklyk üçin mahabaty we marketingiň zerurdygyny birnäçe mysallary getirmeklik arkaly belläp geçdi. Şeýle-de oba hojalygynda hususy kärhanalarymyzda dogry ýola goýlan marketing işleriniň daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň mukdarynyň artmagyna oňyn täsir ýetirýändigini munuň üçin hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryna görä saýlanylyp alynmagynyň möhümdigini aýtdy. Çykyşyň esasy böleginiň oba hojalyk kärhanalarynda marketingiň inçe syrlaryny alyp barmaklyk boýunça bolmagy maslahata gatnaşan professor-mugallymlarda, talyp ýaşlarda, telekeçilerde we beýleki myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. 
Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar tejribeli hünärmen bilen mahabat we marketingi alyp barmaklyk barada özara pikir alyşdylar. Täsirli we gyzykly geçen okuw maslahatynda çykyş eden hormatly myhmana minnetdarlyk bildirilip, ýurdumyzda telekeçiligiň islendik pudagynda zähmet çekýän her bir hünärmeniň marketing sowatlylygynyň bolmagynyň ähmiýetiniň ýokarydygy aýratyn bellenildi.
Aýşa Baýramowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm