ÝAŞ ALYMLAR DÖWLETIMIZIŇ YGTYBARLY DAÝANJY
646Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylda däp bolşy ýaly Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet derejesinde we ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän abraýly bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Ylmy bäsleşige gatnaşýan zehinli ýaş alymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, düýpli hem-de amaly ylma isleg bildirýän dürli hünärdäki ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda dünýäniň ylmy-tehniki ösüşini we döwür bilen aýakdaş gadam urýan alymlarynyň özboluşly işläp taýýarlamalary özünde jemleýän döwrebap, düýpli ylym binýady kemala gelýär. Ylmy mümkinçilikleriň milletiň ösüşiniň esasy ugrudygyny, ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny görkezýändigini, onuň kuwwatynyň we ösüşiniň esaslaryny nazara alyp, ýokary hünärli ýaş işgärleriň taýýarlanmagyna, olaryň bilim derejesiniň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine, ylmyň we aň-paýhas mümkinçilikleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Döwletimiziň ylym ulgamyna berýän goldawy ýyl-ýyldan artýar. Düýpli we ylmyamaly barlaglary geçirmek, geljegi uly ugurlarda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň görnüşlerini artdyrmak üçin zerur şertler döredilýär.
Ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigine biziň ýokary okuw mekdebimiziň zehinli talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Bu bäsleşikde uniwersitetimiziň maldarçylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy Röwşengeldi Abaýew we tokaý we seýilbag hojalygy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gülälek Allakulyýewa ýeňiji bolup Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna we Gahryman Arkadagymyzyň gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular.
Ýaş alymlary döwlet derejesinde hormatlamak olara berlen ýokary baha bolmak bilen bir hatarda, ýaş alymlaryň zehininiň ykrar edilýändiginiň, ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine, ylmy-barlag işlerine ýaşlaryň işjeň çekilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Kadyr Batyrow,
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby