Uniwersitetimiziň talybynyň ýokary derejedäki üstünligi
522Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ,, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda, toýlar goşa-goşadan gelýär. Bu günki gün Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli ýurdumuzyň ähli ýerlerinde ylmy maslahatlar, bäsleşikler uly dabara bilen geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: “Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. 1941-1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar!” diýip merdana pederlerimiziň bahasyna ýetip bolmajak gahrymançylygyna ýokary baha berýär .
Ýaňy ýakynda Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda, ,,Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri’’ atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna öz ussatlygy we erjelligi bilen ýokary okuw mekdeplerden saýlanan talyp ýigitlerimiz gatnaşdylar.
Bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry aýratyn joşguna, döredijilik ylhamyna eýe boldy. Çünki talyp ýigitler öz aralarynda saýlap alan hünärini çeper beýan etmek, türkmen halkymyzyň görnükli taryhy şahsyýetlerini janlandyrmak boýunça bäsleşdiler. Talyp ýigitlerimiziň sahnada görkezen çykyşlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilip, emin-agzalar tarapyndan adalatly bahalandyryldy. Bäsleşigiň dowamynda ajaýyp sahnada ýerine ýetirilen aýdymlardyr, tanslar hakyky baýramçylyk joşgunyny emele getirdi. Çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşikde uniwersitetimiziň Oba hojalygyň mehanizasiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mekan Hojamyradow ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitlerinden saýlanyp, 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Onuň bu ajaýyp üstünligi, ýokary netijesi uniwersitetimizde talyp ýaşlarymyzy giň dünýägaraýyşly, ähli taraplaýyn ösen aň-düşünjeli edip ýetişdirmekde alnyp barylýan işleriň subutnamasydyr. Biz hem bagtyýar talybymyzy bu ajaýyp üstünligi bilen gutlap, oňa mundan hem beýläk uly üstünlikleri tüýs ýüregmizden arzuw edýäris!
Hajymyrat Ylýasow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň kafedra müdiri