ABŞ-nyň Halkara oba hojalyk gullygynyň hünärmeniniň gatnaşmagynda uniwersitetimizde duşuşyk geçirildi

505
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek we üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek bilen bir hatarda, ajaýyp geljegimiziň gözbaşy bolan milli bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, türkmen ýaşlarynyň halkara ölçeglerine laýyk derejede ylymly-bilimli bolmagyny, häzirki zaman hünär endikleriniň öwredilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri we edýän taýsyz howandarlyk hemaýaty netijesinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiz bilen häzirki wagtda ösen daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda bilim, ylym we innowasiýalar babatda hyzmatdaşlyk giň gerimde alnyp barylýar. Ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde, bilim bermegiň häzirki zaman usullaryny durmuşa ornaşdyrmak, okatmagyň täze innowasion maksatnamalary we okuw işini kämilleşdirmegiň ugurlaryna degişli maglumatlar barada tejribe alyşmak, tejribeli daşary ýurtly hünärmenleri çekmek bilen sapaklary guramak hem-de birnäçe döwletleriň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylan edara-kärhanalarynda talyplaryň önümçilik tejribeliklerini geçmeklerini bilelikde guramak boýunça göz öňünde tutulan çäreler bellenen tertipde yzygiderli amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýokary okuw mekdebimizde talaba laýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek we ýola goýlan hyzmatdaşlygy geljekde has-da işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara oba hojalyk gullygynyň sebit boýunça attaşesi hanym Kristin Mumanyň gatnaşmagynda uniwersitetimiziň professor mugallymlar we talyp ýaşlarymyz bilen duşuşyk geçirildi.
Geçirilen duşuşygyň çäklerinde häzirki wagtda Milli maksatnamadan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ýer we suw serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliliginiň derejesini ýokarlandyrmak, ylmy esasda oba hojalyk ekinleriniň önümçiligini artdyrmak bilen bir hatarda, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryny ösdürmek, ýokary önümli mallaryň we guşlaryň tohumçylygyny ylmy esasda alyp barmak boýunça teklipler öňe sürüldi.
Ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny pugtalandyrmaga, ylym ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri, ýokary tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Agarahmet Satlykow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm