Uniwersitetimizde ýaş alymlarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çäre
731Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýaşlarmyzyň ylymly-bilimli, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda eziz Watanymyzda giň mümkinçilikler döredilýär. Döredip berilýän mümkinçiliklere jogap edip S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde bagtyýar talyp ýaşlaryň we ýaş alymlaryň gatnaşmagynda ýaş alymlaryň ylmy-taslama işlerini şöhlelendirýän maslahat geçirildi. Maslahatda uniwersitetiň talyp ýaşlarynyň halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, ders bäsleşiklerine gatnaşyklary, uniwersitetimizde alnyp barylýan ylmy işleriň hem-de ylmy gurnaklaryň işi hakynda, şeýle hem ýurdumyzyň çäginde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşygy we gazanan üstünlikleri dogrusynda gürrüň edildi.
Mälim bolşy ýaly ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine, onlaýn internet olimpiadalaryna, ylmy we döredijilik bäsleşiklerine, galyberse-de ýurdumyzyň çäginde geçirilýän medeni-köpçülikleýin bäsleşikleriň birnäçesine yzygiderli gatnaşyp ýokary derejede çykyş edip uly üstünlikler gazandylar. Ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň halkara bäsleşiklerde gazanylýan oňyn netijeleri ata-watanymyzyň şah-şöhratyny mundan beýläkde galdyrmaklyk ugrunda şahsy goşandy diýip bellese bolar.
Maslahatyň çäginde ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň we ýaş alymlarynyň ylmy-taslama işlerini sergisi gurnaldy. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebiň talyp ýaşlary we ýaş alymlary oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşýarlar. Sergä talyp ýaşlar we ýaş alymlar öz alyp barýan ylmy-taslama işlerini hödürlemek bilen bir hatarda, olar hakynda giöişleýin gürrüň bermek bilen obasenagat toplumyny mundan beýläkde ösdürmek ugrunda özleriniň alyp barýan ylmy işleriniň ýokary ähmiýete eýedigini belläp geçdiler.
Çykyşyň dowamynda talyplar alyp barýan ylmy işleri dogrusynda, halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine, onlaýn internet olimpiadasyna taýýarlanyşlary dogrusynda, ýurdumyzyň çäginde geçirilýän köpçülikleýin medeni çärelere taýýarlanmak üçin uniwersitetde döredilip berilýän mümkinçilikler dogrusynda gürrüň etdiler.
Talyp ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň aňyrsynda uniwersitetiň agzybir professor-mugallymlaryň yhlasly zähmetiniň miwesi bar. Çünki uniwersitetimiziň agzybir professor-mugallymlary Watanmyzyň halkara derejesindäki abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak ugrunda kämil hünärmenleri ýetişdirmeklik arkaly öz goşantlaryny goşýarlar.
Çykyşlaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan okamaga, döretmäge, ylmy işler hem-de döredijilik bilen meşgullanmaga döredilip berilýän mümkinçiliklere köp sag bolsun aýtdylar. Dabarada çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Kadyr Batyrow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby