Ylmy-tejribe duşuşygymyz oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramaklyk hakynda

422
Ýer ýüzünde ylmyň we tehnologiýanyň pajarlap ösýän döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda ekerançylyk pudagynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Alymlaryň geçirýän seçgi-tohumçylyk ylmy-barlag işleriniň netijesinde bugdaý, ýer almasy, mekgejöwen ýaly ösümlikleriň ýokary hasyl berýän tohumlary ösdürilip ýetişdirilýär. Elbetde, bir tarapdan ekerançylykda ýokary hasyl berýän ösümlikleriň sorty köpelse, beýleki tarapdan olaryň zyýankeşlerine hem amatly gurşaw döredilýär. Şonuň üçin hem ekerançylykda zyýankeşlere garşy göreş wajyp ähmiýete eýedir.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni geçirilýän ylmy-tejribe duşuşygymyz bu gezek oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramaklyga bagyşlandy. Her hepdede bolşy  ýaly bu gezek hem duşuşygymyza bu ugurdan tejribeli we gyzyklanýan hünärmenler gatnaşdylar. Duşuşygymyzda ilki bilen “Щелково агрохим” paýdarlar jemgyýetiniň hünärmeni Agamyrat Orazgeldiýew çykyş edip, ol kärhananyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Ýaş hünärmeniň bellemegine görä “Щелково агрохим” paýdarlar jemgyýeti Russiýa Federasiýasynda döredilip, häzirki wagtda diňe bir ol ýerde däl-de, eýsem dünýäniň ondan gowrak döwletleri şol sanda biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Paýdarlar jemgyýeti oba hojalyk ekinleriniň bol hasyl berýän dürli görnüşlerini zyýankeşlerden goramaklyk we ýerden ýokary hasyl almaklyk boýunça dürli serişdeleri öndürmek bilen meşgullanýar. Öndürilýän serişdeleri esasan mikroemulsiýa görnüşinde tohumyň diňe daşyny däl-de eýsem içini hem goraýar. Mundan başga-da ululygy bary ýogy 0.1mkm bolan mikro emulsiýalar arkaly bugdaýyň, gant şugundurynyň, ýer almanyň hem-de rapsyň diňe bir tohumyny däl-de ýapragyny hem gorap saklaýarlar. Paýdarlar jemgyýetiniň önümleri zyýankeşlere garşy täsir edijiligi, adam saglygyna zyýansyzlygy, çalt ösümlige siňijiligi we ykdysady taýdan amatlylygy bilen oba hojalygynda uly islegden peýdalanýar. Onuň önümleri bolsa her ýylda geçirilýän oba hojalyk pudagynyň iň abraýly baýragynyň hatarynda bolan Agrow Awards halkara baýragyna yzgiderli mynasyp bolup gelýär. “Щелково агрохим” paýdarlar jemgyýeti bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygyň baglaşylmagy aýratyn bellemeli zatlaryň biridir. 
Soňra ylmy-tejribe duşuşygymyzy Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdirýetiniň agzasy Şamämmet Annaýew dowam etdi. Ol öz çykyşynda  ýurdumyzyň ekerançylyk pudagynda toprakdan bol hasyl almakda halkara tejribeleriň örän ähmiýetlidigini, bu ugurda ýaşlarmyzy talyplyk döwründe önümçilik tejribeliklerine ugratmaklygyň zerurdygyny belläp geçdi. 
Çykyşlar tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berip pikir alyşdylar. Täsirli geçen ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirilip, indiki duşuşygyň ýurdumyzda medeni şertlerde pisse agajyny ösdürip ýetişdirmeklik boýunça geçirilmegini teklip berdiler.
Azymberdi Garryýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm