Uniwersitetimizde konditer önümçiligi boýunça ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi

495
Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda telekeçilerimize döwlet tarapyndan ähli babatda döredilýän mümkinçilikler bu pudagyň has-da ösmegine uly ýardam edýär. Bu günki gün hususy telekeçilermiz tarapyndan öndürilýän dürli azyk önümleriniň halkara abraýy, daşary ýurtlarda olara bolan isleg barha artýar. Şolaryň arasynda elbetde konditer önümçiligi aýratyn orny eýeleýär. 
Häzirki wagtda konditer önümçiliginde Belgiýa, Russiýa Federasiýasy, Germaniýa ýaly döwletleriň önümleri ýer ýüzünde uly islegden peýdalanýar. Şol ýurtlaryň tejribeleri indi telekeçilerimiz tarapyndan ýurdumyzda gurulýan kärhanalarda ornaşdyrylyp, konditer önümlerini öndürýän kärhanalaryň açylmagy buýsandyryjy wakadyr. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hepdäniň şenbe güni geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynyň bu gezekki temasy hem ýurdumyzda konditer önümçiligi bilen  baglanşykly boldy. Ylmy-tejribe duşuşygynda “Balşeker” hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy we direktory Kakamyrat Baýjanow çykyş edip, ol çykyşynda kärhananyň önümleri we häzirki wagtda alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Ýagny, “Balşeker” hususy kärhanasy häzirki wagtda däneli konditer önümleri, zefir we marmelad önümleri, nogul nabat süýjüleri bilen halkyň arasynda bellidir. Hususy kärhana Aşgabat şäheriniň  Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşip, kärhanada dünýäniň iň soňky döwrebap tehnologiýalary peýdalanylýar. Bu kärhanada çagalar üçin dürli ertirlikler, mekgejöwen taýajyklary, şokolad örtükli we örtüksiz zefir, marmelad önümleri içerki söwda nokatlarymyzda uly meşhurlyk gazanýarlar. Şeýle-de tejribeli hünärmen öz çykyşynda “Balşeker” hususy kärhanasynda 200-den gowrak işgärleriň zähmet çekip, geljekde kärhananyň önümlerini daşary ýurtlara hem eksport etmek meýilleşdirilýändigini aýratyn belledi.
Ylmy-tejribe duşuşygynda soňra Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýet agzasy Şamämmet Annaýew çykyş edip, ýurdumyzda telekeçilerimize giňden goldaw berilmeginiň netijesinde öndürilýän azyk önümleriniň halkara bazarynda uly islegden peýdalanýandygyny, batly gadamlar bilen başlanan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” bolsa önümlerimiziň geçen ýylkydan hem köp mukdarynyň daşary ýurtlara çykarylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle-de ol “Balşeker” ýaly hususy kärhanalarda dünýäniň ösen ýurtlarynyň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň dünýä bazarynda bäsleşige ukyply harytlaryň öndürilýändiginiň subutnamasydygyny belläp geçdi. 
Çykyşlar tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylara “Balşeker” hususy kärhanasynyň adyndan dürli şokolad we konditer önümleri hödür edildi. Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenlere minnetdarlyk bildirilip, indiki ylmy-tejribe duşuşygynyň dürli miweli we gazly içgileri öndürmeklik boýunça geçirilmegini teklip berdiler.  
Daýanç Reýimow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm