BEDENELERIŇ ÖSÜŞINE TEBIGY SEOLITIŇ TÄSIRI
446Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň azyk bolçulygyny berkitmekde maldarçylygyň ähli pudaklarynyň, şol sanda guşçulygyň ylmy esasda ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
Ete ýöriteleşdirilen öý guşlaryny gysga möhletde azyklyk önüm üçin ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, olaryň biologiýasynyň aýratynlyklaryny peýdaly ulanmak we ýerli ot-iýmler hem-de mineral goşundylar bilen iýmitlendirmek arkaly ösüşini, önümliligini öwrenmegiň önümçilik we ylmy ähmiýeti ýokarydyr. Bedeneleriň içgeçme kesellerinde, madda çalşygynyň kadaly geçmeginde, önümliligini ýokarlandyrmakda mineral iým goşundysy hökmünde tebigy seolit giňden ulanylýar. Ol bedeneleriň sagdyn nesil öndürijiligini artdyrmaga, ýelekleriniň tebigy öwüşginliligini saklamaga, beden kuwwatlylygyny ýokarlandyrmaga, sagdyn ösüşini hem-de kesellere garşy durnuklylygyny dikeltmäge kömek edýär.
Tebigy seolit ýudumyzyň günorta-gündogar sebiti bolan Bathyz goraghanasynyň çäklerinde duş gelýär. Ol owuntyk daş görnüşinde bolup, iýmite garmak üçin senagat taýdan gaýtadan işlenilip, un görnüşine getirilýär. Tebigy seolit mineral maddalara örän baý bolup, onuň düzüminde kalsiý, kaliý, magniý, kükürt, demir, sink, marganes, alýumin ýaly elementler bar.
Tebigy seolit öý guşlarynyň iýmitine örän az mukdarda, ýagny, 1000 grama (1 kilogram) 30 gram goşulýar. Şonda ol umumy iýmitiň 3 göterimine deň bolýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guşçulyk okuw-tejribe fermasynda talyplaryň gatnaşmagynda bedeneleriň ösüşine tebigy seolitiň edýän täsirini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri ylmy hojalyk tejribäniň çyzgydy esasynda geçirildi we alnan maglumatlara ylmy taýdan seljerme berildi.
Analog (birmeňzeşlik) alamatlary boýunça her topara 30 sany bedeneler saýlanyp alyndy hem-de adaty we synag toparlary döredildi. Adaty toparyň bedeneleriň iýmiti diňe esasy rasion bilen iýmitlendirildi. Seoliti bedeneleriň gündelik berilýän iýmine 2-nji synag topara – 3 göterim, 3-nji synag topara – 5 göterim möçberinde goşulyp berildi.
Bedeneleriň toparlary boýunça olaryň saklanylyşy, iýmitlendirilişi, ýitgisi, bir kilogram agrama iýmiň sarp edilişi öwrenildi. Bedeneleriň toparlar boýunça fiziologik taýdan ösüşi hasaba alnyp, her topardan 4 bedenede (2 mäkiýan, 2 horaz) soýlup et önümliligi deňeşdirme esasynda öwrenildi we ykdysady netijeliligi kesgitlenildi.
Adaty topardaky bedenelere garanda II synag toparynyň bedeneleriniň diri agramy 9,5 göterim (30 gram), III synag toparynyň bedeneleriniň diri agramy bolsa 15,8 göterim (50 gram) artdy.
Adaty we synag toparlarynyň arasyndaky iým sarp edilişinde görkezijiler seljerilende adaty topardan II synag toparynyň iým sarp edişi 6,8, III synag toparynyň iým sarp edişi 8,4 göterim az boldy.
Bedeneleriň ýaşaýşa ukyplylygy boýunça I adaty toparyňkylar 91, II synag toparyňkylar 94, II synag toparyňky 96 göterime deň boldy. Bedeneleriň etiniň çykymy boýunça I adaty toparyňky 66,7, II synag toparyňky 71, III synag toparyňky 71,6 göterime deň bolandygy anyklanyldy.
Şeýlelikde, biziň geçiren ylmy-barlag synag tejribämiz guşçulyk pudagyny ösdürmekde bedene saklamagyň we köpeltmegiň ykdysady taýdan bähbitlidigini görkezdi. Ýurdumyzyň bedene saklanylýan hojalyklarynda tebigy seolitiň bedeneleriň iýmine goşulyp berilmegi, olaryň önümliliginiň artmagyna, girdejileriň ýokarlanmagyna ýardam eder. Geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde bedeneleri ösdürip ýetişdirmegiň esasynda çalt depginli, az harajatly. Amatly we netijeli tehnologiýalaryň üstünde işlenilmegi bilen önümiň hiliniň ýokarlanmagyny gazanyldy.
Güljemal Berdinazarowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy