Limon agajyny ösdürip ýetişdirmeklik hakynda Ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi
783Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan türkmen telekeçilerine döredilýän mümkinçilikler hususy telekeçiligiň has-da ösmegine, öndürilýän önümleriň halkara bazarlarda bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna getirýär. Bu günki gün içerki bazarlarmyzda öndürilýän önümler halkymyz tarapyndan uly islege eýe bolup, geljekde olaryň daşary ýurtlara çykarylmagyny kepillendirýär.
Elbetde häzirki wagtda ýer ýüzünde ýylyň islendik paslynda, aýratynam gyş aýlary sitrus miwelerine bolan isleg barha artýar. Limon, pyrtykal, mandarin, kiwi ýaly önümleriň adam saglygyna ýetirýän ýetirýän peýdasy hemmä bellidir. Bularyň arasynda limon miwesi aýratyn ähmiýetli bolup durýar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni professor, mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň we beýleki isleg bildirýänleriň gatnaşmaklarynda geçirilýän ylmy-tejribe duşuşygynyň bu gezekki temasy hem limon agajyny ösdürip ýetişdirmeklige bagyşlandy. Çärämizde ilki bilen Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy barlag önümçilik merkeziniň uly ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Uma Kerimowa çykyş etdi. Baý tejribeli hünärmen öz çykyşynda limon agajynyň ýurdumyza ilkinji gezek getirilip, ylmy-barlag işleriniň geçirilişi hakynda gyzykly gürrüňleri berdi. Şeýle-de limon agajy ekilmezinden öň topragyň ýanan ders we dürli serişdeler bilen baý bolmalydygyny, ekiliş wagtynyň ýaz we güýzde amala aşyrylmalydygyny, limonyň çybykdan we şahadan köpeltmek usullaryny we onuň suwarylyş ýagdaýlary hakynda anyk maglumat berdi. Mundan başga-da ýurdumyzda limonyň meýer, belofrank, laým ýaly görnüşleriniň iýmitlik we harytlyk gymmatyny düşündirdi.
Soňra duşuşygy uniwersitetimiziň Oba hojalygyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy Agaýew Bekgylyç dowam etdirip, ol öz hojalygynda limon agajyny ösdürip ýetişdirişi hakynda çykyş etdi. Ýaş mugallym limon agajynyň ömrüniň dowamlylygynyň 40-50 ýyla çenli ýetýändigini, ekilenden soň üçünji ýylda hasyl berip başlaýandygyny gürrüň berdi. Şeýle-de ýyladyşhanada eken limon agaçlarynyň aralarynyň 2-3 metr bolmalydygy hem-de her birinden ortaça 500 sany limony alýandygy hakynda aýtdy.
Çykyşlar tamamlanandan soňra duşuşyga gatnaşyjylar limon agajynyň hasyllylygynyň ykdysady netijeliligi hakynda özara pikir alşylyp, geljekde limonyň diňe bir içerki bazarlarmyza däl-de daşary ýurtlara çykarylmagynyň ähmiýetli boljakdygyny bellediler. Ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenlere minnetdarlyk bildirilip, indiki temanyň telekeçilikde ykdysady işleriň guralyşy we dolandyrylyşy bilen baglanşykly bolmagyny teklip berdiler.
Jemile Oraznepesowa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
tokaý we seýil bag hojalygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby