S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Açyk Halkara ekologiýa olimpiadasy geçirildi

465
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak babatynda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesinden ruhlanyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, alnyp barylýan ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, ýiti zehinli, maksada okgunly ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ekologiki bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek, ylmy-döredijilik işine we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny, şeýle-de özara dostlukly  hyzmatdaşlygy ýola goýmak we bäsleşiklerde netijeli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň  talyplarynyň arasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gurnamagynda Açyk Halkara ekologiýa olimpiadasy geçirildi. 
Açyk Halkara ekologiýa olimpiadasyna 15 sany daşary ýurt döwletinden 40 sany ýokary okuw mekdeplerinden, şeýle hem ýurdumyzyň 24 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 267 sany talyplarynyň gatnaşmaklary bu bäsleşikde
professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramakda, talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmekde, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmakda, halkara bäsleşiklerinde çykyş edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemekde aýratyn bir ähmiýete eýe boldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar, Hormatly Prezidentimize döredip berýän ajaýyp şertleri we mümkinçilikleri üçin, şu bäsleşige gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy 
Aşyrow Azamat

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm