Guradylan ir-iýmişler hakynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

109
Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz goldawy netijesinde hususy telekeçiligi ösdürmek, olara döwlet tarapyndan ähli babatda ýeňillikleri döretmeklik bu günki gün halkara bazarlarda bäsleşige ukyply, ýokary hili we howpsyz önümlerimiziň öndürilmegine esas bolup durýar. 
Azyk önümleriniň islendik görnüşini uzak wagtlap saklamaklyk üçin häzirki wagtda birnäçe usullar hödürlenen. Olaryň arasynda önümleri guratmaklyk arkaly saklamaklyk uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň üçin hem bu usuly arkaly önüm öndürýän telekeçilerimiziň sany barha artýar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde şenbe güni geçirilen ylmy-amaly maslahatyň bu gezekki temasy hem “Guradylan ir-iýmişleri taýýarlamagyň tehnologiýasy” ady bilen geçirildi. Ylmy-amaly maslahaty ilki bilen uniwersitetimiziň ylmy işler boýunça prorektory Merdanbeg Piriýew açyp, ol öz sözünde häzirki wagtda ýurdumyzda ýetişdirilýän ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň halkymyza  dürli görnüşde ýetirilýändigini, şolaryň arasynda guradylan ir-iýmişleriň aýratyn ornunyň we lezzetiniň bardygyny belläp geçdi. 
Ylmy-amaly maslahaty soňra Nepes Nuryýew dowam etdirdi. Hünärmen häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Balkan Annamyradowa degişli bolan kärhanada 30-a golaý işgäriň zähmet çekmeginde dürli ekerançylyk önümlerini guratmaklyk arkaly  alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Ol ýurdumyzda ýetişdirilýän käşiriň, soganyň, almanyň, kädiniň, şugunduryň we beýleki önümleriň kärhanada guradylyş, saklanyş usullarynyň üstünde durup geçdi. Bu kärhanada hünärmen güneşli diýarymyzda ýetişdirilýän dürli ösümlikleriň guradylyş tehnologiýalarynyň her ösümlik üçin aýry-aýrydygyny, önümiň çykymynyň 6-8% çenli ýetip, guradylan ýagdaýynda himiki düzüminiň üýtgemän saklanylyp galýandygyny düşündirdi. Şeýle-de hünärmen häzirki wagtda çenli kärhanada 50 tonna golaý öndürilen önümleriň içerki bazarlarmyza we daşary ýurtlara talaba laýyklykda ýetirilendigini, ilatyň guradylan önümlere isleginiň barha artýandygyny aýratyn belledi. 
Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar maslahatyň dowamynda guradylan önümleri taýýarlamaklygyň ähmiýeti, ykdysady netijeliligi, adam saglygyna peýdasy hakynda özara pikir alyşdylar. Geljekde ýurdumyzda şular ýaly kärhanalaryň köpelmeginiň, diňe bir ir-iýmişleri däl-de eýsem et we et önümlerini hem guratmaklyk arkaly saklamaklygyň ähmiýetli boljakdygyny bellediler. Gyzykly geçen maslahatyň ahyrynda indiki ylmy-amaly maslahatyň temasynyň miweli baglaryň gyrkymy bilen baglanşykly bolmagyny teklip berdiler. 
Gülnur Ýakubowa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Dokma önümçiligi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52