Ylmy amaly maslahatymyz kömelekleri ösdürip ýetişdirmek hakynda

107
Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan telekeçilerimize döredilýän mümkinçilikler, olara döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlar bu ugurda halkara tejribeleriň giňden ornaşdyrlyp, öndürilýän önümleriň görnüşleriniň barha artmagyna getirýär. Öňler banan, şampinion, kiwi, badam, çereşnýa ýaly  tropiki agaçlar ekzotiki hasaplanylyp, ýurdumyza diňe daşary ýurtlardan getirilen bolsalar, häzirki wagtda olar güneşli diýarymyzyň dürli künjeginde ösdürlip ýetişdirilýär. Olardan alynýan adam saglygyna peýdaly we datly önümler biziň bazarlarmyzy bezäp otyr. 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni ylymlar güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahatymyzyň bu gezegi kömelekleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmeklige  bagyşlandy. Ilki bilen ylmy-amaly maslahatyň başynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, hususy telekeçi Babasadyk Çüriýew çykyş etdi. Ýaş telekeçi öz sözünde gelin kömeleginiň ösdürlip ýetişdirilişi, onuň adam saglygyna peýdasy, himiki düzümi, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda kömelegiň jan başyna düşýän mukdary dogrusynda gürrüň berdi. Şeýle-de ol bu ugurda birnäçe ýyl daşary ýurtlarda bolup, kömelegiň ösdürlip ýetişdirilişi hakynda tejribe toplandygyny, häzirki wagtda wagtda bolsa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň üzümçilik daýhan birleşiginde bir ýylda 600 tonna kömelegi ösdürip ýetşdirmäge ukyply kärhanasynyň gurluşygynyň tamamlanýandygyny aýratyn belledi. 
Ylmy-amaly maslahaty soňra Meýlis Abdyrahmanow dowam etdirdi. Tejribeli hünärmen häzirki wagtda hususy telekeçi Kakadurdy Mämmedowa degişli bolan ýerde kömelekleriň dürli görnüşleriniň ösdürlip ýetişdirilişi dogrusynda gürrüň berdi. Has takygy, olar umumy meýdany 2 gektara barabar bolan ýeriň bir böleginde kompost öndürseler, beýleki böleginde kömelekleri ösdürip ýetişdirýärler. Öndürýän önümleriniň bolsa içerki bazarlarmyza ýetirilip, önümçiliginiň barha ýokarlanýandygyny buýsanç bilen bellediler. 
Çykyşlar tamamlanandan soňra maslahata gatnaşyjylar gyzyklanma döredýän soraglaryny berip, hünärmenler bilen pikir alyşdylar. Olar şampiniýon, malart, sylwan ýaly kömeleklere halkyň isleginiň barha ýokarlanýandygyny, bu ugurda önümçiligi has-da giňeltmegiň zerurdygyny belläp geçdiler. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda indiki maslahatyň temasynyň kakadylan miweleriň öndürilişi bilen baglanşykly bolmagyny teklip berdiler. 
Meňli Orazowa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk 
uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52