Uniwersitetimiziň bagtyýar talyby halkara ders bäsleşiginiň kümüş medalynyň eýesi

175
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ägirt uly işleri dünýä derejesinde özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bu günki gün kalplary ylhamdan, hyjuwdan, watana bolan çäksiz söýgüden doly bagtyýar türkmen ýaşlarymyz Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän belent ynamyndan ruhlanyp, ylym-bilim taýdan kämillige tarap ýol alýarlar. Olaryň halkara derejesinde görkezýän netijeleri bolsa, hakykatdan hem ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň subutnamasydyr. 
Nurly geljegimiziň kepili ylymdan-bilimden ýüki ýeterlik türkmen ýaşlarymyz bu günki gün halkara derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşyp, mynasyp çykyş edýärler. Ýakynda Polşa döwletiniň Katowiçe şäheriniň Silezsk uniwersitetinde matematika dersi boýunça halkara olimpiada geçirilip, oňa ýurdumyzyň zehinli talyplary bilen birlikde Russiýa Federasiýasyndan, Germaniýadan,  Belarus Respublikasyndan, Wengriýadan, Slowakiýadan, Malaýziýadan, Şweýsariýadan onlarça talyplar gatnaşdylar. Bäsleşigiň iňlis dilinde geçirilmegi oňa gatnaşan talyplaryň diňe bir matematika dersini däl-de, eýsem daşary ýurt dillerini kämil bilýändiklerini görkezdi. Ýurdumyzdan bu abraýly ders bäsleşigine gatnaşan talyplar 7 altyn, 7 kümüş hem-de 6 sany bürünç medalyň eýesi boldular. Ýeňiji bolan talyplaryň arasynda biziň uniwersitetimiziň Oba hojalygyň mehanizasiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl bagtyýar talyby Ýazjuma Nurjaýew üstünlikli çykyş edip, kümüş medalyň eýesi bolmagy başardy. Halkara ders bäsleşiginde adalatly baha beren eminler topary türkmen talyplarynyň yhlasynyň, başarjaňlygynyň we bilim derejeleriniň ýokarydygyny aýratyn belläp geçdiler. Ders bäsleşiginde ýokary netijeleriň görkezilmegi türkmen ýaşlarynyň üstünlige bolan höwesini, geljekki umytlaryny has-da artdyrýar. 
Ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda matematika boýunça halkara ders bäsleşigine biziň talybymyzyň gatnaşyp, ýokary netijä eýe bolmagy, uniwersitetimizde dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesidir.  Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip, oňa zehinli türkmen ýaşlarymyzyň gatnaşyp, tugumyzy al asmanda  parlatmagy, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da beýige galdyryp, ýokary okuw mekdeplerimiziň halkara derejesine çykmaklygyna özüniň mynasyp goşandyny goşar.
Saryýewa Ýagşygül,
Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52