Dowarlaryň gyşladylyşy

617
Dowarlary gyşdan tükel hem-de horlaman alyp çykmak, aňsat wezipe däl. Munuň üçin gyşa öňünden ykjam taýýarlyk görmeli. Ýagny dowarlary gyşdan başy-bitin, gurat  alyp çykmak üçin, ýeterlik mukdarda gowy örüleriň, ätiýaçlyk  ot-iýmleriň we ýyly mal ýataklar bilen bir hatarda mallaryň özlerini hem gyşa taýýarlamaly. Mallaryň özlerini gyşa taýýarlamak üçin ýyl boýy örüde saklanýan goýunlary ýaz, tomus, güýz pasyllary gowy örülerde bakyp, gyş döwri üçin bedeninde ýag goruny ýygnatmaly. Türkmen çarwadarlarynyń “Dokuzyń üçe ýetýärmi” diýen sowalynyń manysy, şol dokuz aýda toplanan goryň üç aý dowam edýän gyşdan abat alyp çykmaga ýeterlikmi diýmegi aňladýar.
Türkmenistanyń şertlerinde “Ýaldyrak” dogandan soň goýunlary höwür möwsümine we gyşa  taýýarlamagyń aladasyny etmeli. Güýz gyrkymyndan soń malyń endamyna şemal çalyp, gijeleriń çigregine dygrygyp, onuń gan aýlanyşygy gowulanýar, işdäsi açylyp, goýun maly suşlanyp başlaýar. Şol döwürde goýunlary şoraly, ýowşanly-şoraly, sazakly-ýylakly örülerde bakmaly. Öri ot-çöpüne semredilen dowarlar, elin ot-iým berilip bakylan mallara garanda gyşdan kän-bir horlanman kynçylyksyz çykýarlar. Sebäbi örüde semrän mallaryń bedenindäki ýaglar has gaty bolýar. Gaty ýaglar bolsa kynlyk bilen eremek häsiýetine eýedir. Şeýlelik-de öri mallary öz bedeninde ýag görnüşinde toplanan iýmit goryny rejeli harç edip gyşdan tükel we abat çykýarlar.  Ata-babalarymyz “Oty köpüń maly dok”, şeýle-de “Garny doka bela ýok” diýipdirler, çünki dok mallar sowuga has çydamly we süňňi sagat bolmagy bilen tapawut edýärler.
Maldar hünärmenler gyş döwri üçin her goýun başyna ot-iým ätiýaçlyk goruny ýygnamaly. Ätiýaçlyk ot-iýmler howanyň amatsyz şertlerinde (güýçli ýel, tupan, ýagyş, çagba, ýerde ýatan gar örtügi we başgalar)  sürüleri örä çykaryp bakyp bolmadyk halatynda, şeýle hem ýaş mallary, ene goýunlary hem-de hor düşen mallary goşmaça iýmitlendirmek üçin berilýär. Ot-iým mallara berilmezinden öň ot üweýji ýa-da kerçeleýji enjamlarda  owradylyp, nowalarda rejelenip berilse, hem-ä mal üçin siňňitli bolar hem-de ot-iýmler örän tygşytly peýdalanylar. 
Gyş möwsümi üçin ätiýaçlyk taýýarlanan bedeler
Her hojalykda maldarçylyk hünärmenleri mallaryň semizligine we ýaşyny nazarda tutup, her topar üçin aýratyn ot-iým kadasyny kesgitlemeli. Şol kada esasynda hem mallary iýmitlendirmeli. Dowarlar gyşladylýan döwri hojalyk ýolbaşçylary, maldarçylyk hünärmenleri, mal eýeleri dowarlaryň üstüne aýlanyp, olaryň bakylyşyny, ot-iýmiň berlişini, umuman, dowarlaryň ýagdaýyny berk gözegçilige almaly. Ylaýta-da, ýaş mallaryň hem-de bogaz goýunlaryň sürülerine ünsi güýçlendirmeli. Ýaş mallar gyş döwri merkezi goşa golaý, gowy örülerde bakylsa, olara gözegçilik etmek aňňat düşýär.
Ýaş toklular yzygiderli ösüşde bolup, olaryň beden synalarynyň kemala gelmegi dowam edýär. Bu bolsa doly bahaly iýmit maddalarynyň ýeterlik mukdarynyň malyň bedenine yzygiderli baryp durmagyny talap edýär.
Şonuň üçin hem olar gyşda ot-iým ýetmezçiliginden çalt horlanýarlar, kesellegiç bolýarlar. Ylaýta-da, aňzak sowuk boldugy, olar dessine horlanyp başlaýarlar.  Şeýle ýagdaýy göz öňünde tutup, toklularyň bakylyşyna we goşmaça iýmitlendirilişine aýratyn üns bermek gerek. Ýaşlykda göýdük bolan maldan, ulalandan soň ýokary önüm alyp bolmaýar.  Ýaş mallara gyşda örüden alýan otunyň daşyndan günde 300 gram bede, 100 gram iým berip, olaryň kadaly ösüşini gazanmaly. Ýaş mallara seredilişiniň göwnejaý guralmagy, geljekde ýokary önümli mallary ýetişmegiň esasy şerti bolup durýar.
Gyşda bogaz goýunlaryň idedilişini aýratyn üns merkezinde saklamaly. Türkmenistanyň şertlerinde goýunlaryň bogazlyk döwri esasan gyş aýlaryna gabat gelýär. Türkmenlerde fewral aýyna “ýelin aýy” diýilmegi, sagdyn guzulary almak üçin şol döwürde bogaz goýunlaryň idedilişine aýratyn ünsi güýçlendirmegi ündeýär. Ene goýunlar gyşdan orta we ýokary semizlikde çykarylsa, olaryň diňe özüniň däl, eýsem guzulary hem sagdyn dogulýar. Bogaz goýunlar ýeterlik derejede iýmitlendirilende (esasan, öri oty ir örse), täze guzlan ene goýunlar süýtli bolýar. Bu bolsa guzularyň gowy ösüş alyp, ýokary önümli mallar bolup ýetişmegine ýardam edýär. 
Ene goýun höwürden çykanyndan soň düwünçegiň emele geliş we ösüş döwri başlanýar. Embrional ösüşiň ilkinji 45 gününde guzy düwünçeginiň ähli beden agzalary emele gelýär. Bogazlygyň galan 105 güni, şol emele gelen beden agzalarynyň güýçli ösýän döwrüdir. Goýnuň bogazlyk döwrüniň soňky iki aýynda (ýanwar, fewral aýlary) guzy düwünçeginiň ösüşi has-da güýçlenýär. Bu bolsa bogaz goýunlary şol döwürde ýeterlik derejede iýmitlendirmegiň zerurdygyny görkezýär. Mundan başga-da tüý örtüginiň emele gelmegi düwünçegiň ösüşiniň 3-4 aýlyk döwri has-da güýçlenýär we guzynyň dogulmagy bilen tamamlanýar. Bogaz mallary bakmagyň we ot-iým bilen üpjün etmegiň düzgüni bozulyp, olar ýeterlik derejede ot-iýmini alynmasalar, onda ene goýnuň bedeninde iýmit maddalarynyň ýetmezçilik etmegi sebäpli, guzy düwünçeginiň tüý örtüginiň emele gelmegi ep-esli haýallaýar. Bu bolsa guzularyň tüý örtüginde süýümleriň seýrek hem-de gytyk bolmagyna getirýär. Şunuň ýaly bolan halatynda, saryja tohumly goýunlaryň esasy önümleriniň biri bolan ýüňüň mukdary azalýar, hili bolsa ýaramazlaşýar.
Ýokarda getirilen ylmy maglumatlar dowarlary gyşlatmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny görkezýär. Bogazlygyň ikinji ýarymynda (ýanwar-fewral aýlary) ene goýunlara iýmit maddalarynyň, witaminleriň, mikroelementleriň iň köp gerek wagty hasaplanýar. Bogaz goýunlar hem-ä özlerini saklamaly hem-de göwresindäki gün-günden ösüp, kemala gelýän guzy düwünçegini eklemeli. Bogaz goýunlara bogazlygynyň ikinji ýarymynda örüden alýan otunyň daşyndan her günde 400 gram bede, 200 gram iým berilse, goýnuň guratlygyny saklamagyň we göwresindäki  guzynyň ösüşini üpjün etmegiň kadaly şertini döreder. Mundan başga-da, goýunlaryň duza bolan islegini kanagatlandyrmak üçin agyllaryň içinde, suw nowalarynyň golaýynda daş duz böleklerini goýmaly.
Gyş möwsüminde mallary suwa ýakmagy dogry guramak çopanlar üçin möhüm wezipäniň biridir. Tejribeli çopanlar dowarlaryň suwa ýakylyşy babatynda, gyşyň aňzagyny tomsuň jöwzasy bilen deňeýär. Tomusdaky bolşy ýaly, gyş paslynda hem dowarlary her gün suwa ýakmaly. Sebäbi iri baldakly, gury ot-çöp iýýän mallaryň bedeni suwy adatdakysyndan köp talap edýär. Gyşda her goýna bir gije-gündiziň dowamynda 4-5 litr töweregi  suw gerek bolýar.
Goýunlara ýyly suw bermek üçin mallaryň  suwa injek wagtyna gabatlap guýulardan suw çekmeli. Başga ýerden getirilýän suwy bolsa  az-kem ýyladyp bermek maslahat berilýär.  Sebäbi goýunlar sowuk suwa ýakylanda kesellemek howpunyň bardygyny, bogaz goýunlaryň bolsa guzy taşlamagynyň mümkindigini ýatdan çykarmaly däl. 
Goýunlary göwnejaý gyşlatmak, beýleki guramaçylyk çäreleri, çopanlaryń hut özüne has köp derejede bagly bolup durýar. Olar sürüdäki mallaryń ýagdaýyny edil bäş barmagy ýaly bilmeli we öz wagtynda aladasyny etmeli. Çarwadarçylyk bilen meşgullanýan dowardarlar,  kärendeçi çopanlar, hususy mal eýeleri dowarlary talabalaýyk gyşlatmagy özlerine esasy wezipe edip goýmalydyrlar. 
Guwanç Agamyradow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Maldarçylyk we weterinariýa ylmy önümçilik merkeziniň direktory

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52