Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
519Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde, daşary ýurt döwletleri bilen ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, şol sanda oba hojalygynda, bilim we ylym ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli işjeňleşdirilýär. Ylym-bilim ulgamymyzda halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagy netijesinde, geljekde bu ugurlaryň dünýä belentliginde abraýynyň artjakdygy şübhesizdir.
Ýaňy ýakynda ýurdumyza Eýran Yslam respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň ýolbaşçy wekilleri iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň çäklerinde bellenen tertipde ylalaşylan sanaw boýunça onuň düzümindäki wekilýet topary Gorgan oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň rektory doktor, professor Şaban Şataýy bilen bilelikde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimize gelip, ikitaraplaýyn özara bähbitli duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Ösüş müdirligi we resurslar bölümi boýunça häkiminiň orunbasary jenap Hajygeldi Kör çykyş etdi. Hormatly myhman öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk, ylym-bilim ulgamlaryny halkara derejesine çykarmak boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygyna göz ýetirendigini buýsanç bilen belledi.
Soňra ikitaraplaýyn duşuşygy Gorgan oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň rektory doktor, professor Şaban Şataýy dowam etdirdi. Çykyşynyň başynda myhman türkmen halkymyzyň myhmansöýerligini bellemek bilen, mähirli garşylandyklary üçin uniwersitetimiziň rektoryna minnetdarlyk bildirdi. Sözüniň dowamynda ol Gorgan oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersiteti S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde ähtnama esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaklygy nygtady. Ähtnamanyň taslamasyna okatmagyň häzirkizaman usullary boýunça tejribe alyşmak, bilelikde häzirkizaman taslamalary we ylmy-barlag işleri ýerine ýetirmek hem-de ylmy konferensiýalary guramak ýaly çäreleri amala aşyrmaga mümkinçiligiň bardygyny belläp geçdi. Aýratynam ekologiýany gorap saklamak, çölleri öwrenmek, häzirkizaman suwaryş usullaryny önümçilige ornaşdyrmak ýaly ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmegiň iki tarap üçin hem bähbitli boljakdygy teklip edildi.
Özara bähbitli ikitaraplaýyn duşuşykda edilen beýleki çykyşlarda hem iki ýurduň arasynda däp bolup gelýän dostlukly gatnaşyklary has-da giňeltmeklik boýunça özara pikirler alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda uniwersitetimiziň rektory myhmanlara wagt tapyp gelendikleri üçin köp sagbolsun aýdyp, mundan hem beýläk S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygyň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny buýsanç bilen nygtady.
Şöhratmyrat Paliwanow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Tikin önümçiligi kafedrasynyň mugallymy