Türkmenistanyň garaşsyzlyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.

24

2022-nji ýylyň 19-nji sentýabrynda biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde – Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Garaşsyzlyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahat ,,Garaşsyzlyk-Berkararlygyň we Bagtyýarlygyň gözbaşy” diýlip atlandyryldy.
Bu ylmy-amaly maslahata uniwersitetimiziň Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, hünärmenler, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahat bäş bölümden ybarat bolup, munda, esasan, Garaşsyz ýyllarynyň içinde gazanylan üstünlikler barada gürrüňler edildi.
Bilşimiz ýaly, gülleýän, gül açýan gözel diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylyga-mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýalkymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyza erkinligiň sergin şemalyny peşgeş beren Garaşsyzlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär.
Umuman, biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde geçirilen bu ylmy-amaly maslahat mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda biri-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny Berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar.
Maslahatyň beýleki bölümleri hem özüne berkidilen ýerlerde işlerini alyp bardylar. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda Watanymyz we halkymyz üçin birmöçber aladalar edýän, Garaşsyz, hemişelik Bitarap diýarymyzyň ösmegi ugrunda aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagy hakynda ýagşy arzuwlar edildi.
Paýzullaýewa Aýnur
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň 
Weterinar lukmançylygy 
fakultetiniň 4-nji ýyl talyby 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52