Peýdaly ösümliklere bagyşlanan peýdaly maslahat

16

Eziz diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary bilen birlikde oba hojalyk pudagy hem batly gadamlar bilen özgerýär. Pudaga sanly ulgamyň we innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Bu bolsa ylym-bilim ulgamynyň netijeliligini artdyrýar.
Häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda gök-bakja ekinlerinden sogan, sarymsak ekinlerini ekmeklik çäreleri işjeň dowam edýär. Şu mynasybetli uniwersitetimizde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda zähmet çekýän telekeçiler, professor-mugallymlar we talyp ýaşlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän myhmanlaryň arasynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. 
Ylmy-amaly maslahatyň başynda uniwersitetimiziň Miweçilik, üzümçilik we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ajaýyp Çaryýewa çykyş etdi. Mugallym öz çykyşynda iki ýyllyk ösümliklere degişli bolan sogan we sarymsak ösümlikleriniň gelip çykyşy, biologiki ähmiýeti, olaryň ýer ýüzünde duş gelýän görnüşleri, şolaryň arasynda medenileşdirilen görnüşleri hem-de ýurdumyzda esasy ekilýän sortlary we hasyllylygy hakynda gürrüň berdi. 
Maslahaty soňra Miweçilik, üzümçilik we gök ekerançylyk kafedrasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Merdan Pirlekow dowam etdi. Tejribeli mugallym öz çykyşynda sogan we sarymsak ösümlikleriniň ösdürlip ýetişdirilişiniň ylmy esaslary, bu ösümliklere zyýan ýetirýän dürli zyýankeşlere garşy göreş çäreleri we olary alyp barmakda peýdalanylýan häzirkizaman himiki we organiki serişdeler bilen tanyşdyrdy. 
Soňra Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Aýnazar Gulmyradow ylmy-amaly maslahaty dowam etdirdi. Telekeçi oba hojalyk pudagynda bu ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler, ösümliklerden her ýylda alynýan hasyl we ony ýokarlandyrmak boýunça güneşli diýarymyzda geçirilýän agrotehniki çäreler dogrusynda gürrüň berdi. Çykyşlardan soň maslahata gatnaşyjylar özara pikir alyşdylar. Şular ýaly maslahatlaryň yzgiderli geçirilmeginiň oba hojalygymyzy ylmy esasda alyp barmaga itergi berýändini oňa gatnaşyjylar nygtap, indiki geçiriljek maslahatyň topragymyzy baýlaşdyrýan organiki-mineral dökünler hakynda bolmagyny teklip berdiler.  Elbetde, uniwersitetimizde däbe öwrülen şular ýaly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi biz talyp ýaşlar üçin gymmatly tejribe bolup, ilkinji hünär endiklerimizi kämil ele almaklygymyza mümkinçilik döredýär.
Aýgözel Annaýewa
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52