Startup-geljege ynamly ädim

37

Güneşli diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda her bir pudagymyzyň batly depginler bilen öňe gitmegi dünýä arenasynda ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende göterýär. Elbetde, watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap ylymly-bilimli bolmaklary bu ösüşleriň geljekki kepilidir. Häzirki wagtda sowatly, sagdyn pikirlenmäge ukyply ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak we ony netijeli dowam etdirmek has möhüm bolup durýar. Bu babatynda halkara tejribeler örän ähmiýetlidir.
Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde MCT Agency halkara konsalting kompaniýasynyň Startup Academy guramasynyň geçirmeginde okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Startup Academy- bu Türkmenistanda 2020-nji ýylyň iýun aýynda MCT Agency halkara konsalting kompaniýasy tarapyndan döredilýär. Guramanyň esasy wezipesi ýaşlarda telekeçiligiň täze ugurlarynyň kemala gelmegine ýardam bermekdir. Ýagny, biznes meýilnamasy bolan adamlary, aýratynam ýaşlary telekeçilige ornaşdyrmakdyr. Häzirki wagta çenli bu gurama 80-den gowrak wekilleriň gatnaşmagynda jemi 5 sany meýilnamalaýyn biznes-inkubasion okuwlaryny geçirip, 54 sany startap (maýa goýumy bolman telekeçilige başlajak hünärmen) okuwlaryny üstünlikli tamamladylar we häzirki wagta çenli şolaryň 15-den gowragy ýurdumyzda startap kärhanalaryny döretdiler. Startap kärhanalaryna telekeçiligiň dürli ugurlary degişli bolup, olar satuw, kärende bermek, dürli hyzmatlar, brokerçilik (araçylyk), mahabat ýaly çeşmelerden girdeýji gazanmaklygy ýola goýýarlar. Geljekde bu gurama ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen biznes-inkubasion okuwlaryny geçirmekligi maksat edinýärler. Bu bolsa zehinli talyp ýaşlarmyzyň we professor mugallymlarmyzyň alyp barýan ylmy-barlag işlerini we biznes pikirlerini durmuşa geçirmäge özüniň ýardamyny berer.  
Kadyr Amanow
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
ylym bölüminiň hünärmeni

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52