Ylmy- barlag işleriniň netijeleri artýar

53
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bü günki gün amala aşyrylýan her bir işler, döwletli başlangyçlar halkymyzyň asuda, bolelin ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu babatda ýurdumyzda hususy telekeçilik günsaýyn ösýär we olara döwlet tarapyndan uly ýeňillikler we amatly şertler döredilýär. Sanlyja ýyllaryň içinde telekeçilerimiz tarapyndan gazanylan üstünlikler ýurt derejesinde däl-de halkara derejede mynasyp ornuny tapýar. Elbetde, telekeçiligiň ähli ugurlary hem ylmy-barlag işleriniň netijelerine esaslanýar. 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde geçirilýän her bir okuw sapaklaryny önümçilik bilen berk baglanyşdyrmak hem-de alyp barýan ylmy-barlag işlerimizi önümçilige hödürlemek maksady bilen her hepdäniň şenbe güni ylymlar günümizde telekeçiler, professor mugallymlar we talyp ýaşlar hem-de beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilýän ylmy-amaly maslahatymyzyň gerimi hasam giňeýär. Maslahatyň bu gezekki temasy “Kanola ösümligi we onuň ähmiýeti” ady bilen geçirildi. Kelemler maşgalasyna degişli bolan Raps görnüşiniň pes turşulykly Kanada sorty hasaplanylýan  kanola ösümligi (Brassica napus) eýýäm birnäçe ýyl bäri telekeçilerimiz tarapyndan ýurdumyza getirilip, ony ýetişdirmek we önüm almak boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär. Kanola sözi hem “Canadian oil low acid” diýmekligi aňladýar. Yssy klimaty halaýan bu ösümligi awgust-sentýabr aýlary ekýärler. Ekiş döwri her gektar ýere ortaça 4 kg arassalanan tohum harç edilýär. Kanolany sowuk howada we gaty çuň ekmeklik maslahat berilmeýär. Onuň käbir görnüşleri +23 derejä çenli çydamly hasaplanylýar. Ösüş döwri jemi 4 gezek suw tutulyp, toprak çägesöw bolsa oňaýlydyr. Bu döwürde ösümligi dürli guşlardan we haýwanlardan goramaly bolýar. 
Hasyllylyk hakynda aýdylanda telekeçilerimiz tarapyndan ýurdumyzyň dürli sebitlerine esasan hem Tejen, Akbugdaý etraplaryna ekilip, ortaça 1 gektardan 3-5 tonna çenli hasyl alýarlar. Telekeçilerimiz tarapyndan geljekde bu görkezijini 7-8 tonna çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Daşky görnüşi boýunça künjä çalymdaş ösümligiň dänesinden ýag we mallar üçin künjara alynýar. Dänesiniň ýaglylygy 35-50% aralygyndadyr. Elbetde, ýokary hasyl almak üçin ony ekişden öň we ösüş döwri ders, azot, fosfor, kaliý, kalsiý, kükürt, zink, demir ýaly maddalar bilen baýlaşdyrmaly. Kanolanyň hasylyny adaty bugdaý orýan kombaýnlar arkaly ýygnap bolýar. Ýurdumyzda hasyly gaýtadan işläp ýag almak üçin paýtagtymyzyň çäginde hem-de Tejen etrabynda ýag zawodlary hereket edýär. Kanola ösümliginden alnan ýag ähmiýeti boýunça künji ýagyndan az-owlak pesräkdir. Himiki düzümi babatynda kanolanyň ýagy zeýtun ýagyna golaýdyr. Ony iýmitlik maksatlary bilen käbir Ýewropa we Aziýa döwletleri giňden peýdalanýar. Biziň ýurdumyzda hem bu täsin ösümlige bolan gyzyklanma, ondan alnan ýaga bolan isleg barha artýar.
Daýanç Reýimow
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52