Ýaşlar – döwletimiziň nurana geljegi

31
2022-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýyna Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy we taryhy çykyşy hem-de ,,Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekilmegi we öňde durýan wezipeler dogrusynda giň gerimli maslahat geçirildi.   
Bu maslahata hormatly myhmanlar, uniwersitetimiziň Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, şeýle hem talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlar we olar barada edýän tagallalary dogrusynda öz pikirlerini beýan etdiler.
Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ösüşleri nazarlaýan öňdengörüjilikli syýasatlary netijesinde, ýaşlar, olaryň kämil ylym-bilimi, hünär derejesi barada yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar. 
Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, täze tehnologiýalardan baş alyp çykmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň ,,Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi, ýaşlar syýasaty barada täze maksatnamalaryň kabul edilmegi döwrüň talabyna laýyk gelýän, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olaryň okamagy we zähmet çekmegi üçin oňyn şertleri döretmekde möhüm resminama bolup durýar. 
Maslahatyň dowamynda uniwersitetimiziň ,,Altyn asyr” döredijilik merkeziniň aýdym-sazly çykyşlary we  talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren işleriniň sergisi gurnalyp, bu geçirilen maslahata has-da aýratyn röwüş çaýdy. 
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler talyp ýaşlaryň kämillik ýolunda öňe gitmäge, döredijilik we ylmy işler bilen meşgullanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!
Gülbagt Hajyýewa
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52