Täsirli geçen ylmy maslahat

67

Bu günki gün Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan bütin adamzat ähmiýetli işleriň  aýrylmaz bir böleginiň ylym-bilim ulgamyna degişli bolmagy ýurdumyzyň ýaş nesline, onuň bilim terbiýesine ägirt uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permany, “Türkmenistanda bilim hakyndaky” kanunyna döwrebap üýtgeşmeleriň girizilmegi täze, dünýä ülňülerine gabat gelýän, hünärine ökde, başarjaň Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize kalby söýgiden doly hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler talyplara bilim berýän biz mugallymlaryň öňünde uly wezipeleri goýýar.
Şu nukdaýnazardan çen tutsak, uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni ylymlar gününiň  geçirilmegi eýýam däbe öwrüldi. Bu gezekki geçirilen ylymlar gününiň temasy çomuç ösümligi bolup, ylmy maslahata gatnaşan telekeçiler, ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyplary hem-de beýleki myhmanlar bu täsin ösümlik we ony ylmy taýdan giňişleýin öwrenmek boýunça maslahatlaşdylar. mundan başga-da bu jana şypaly, täsin ösümligi ýurdumyzyň dürli şertlerinde medenileşdirmek we onuň ykdysady netijeliligi dogrusynda pikirlerini paýlaşdylar. Maslahatda çykyş edenleriň maglumatlaryna görä çomuç ösümliginiň ýer ýüzünde jemi 200 töweregi görnüşi belli bolup, şolaryň 50-den gowrak görnüşi biziň güneşli ýurdumyzda duş gelýär. Suwsyzlyga uýgunlaşan bu ösümligiň baldagy we şiresi dermanlyk we iýmitlik hökmünde giňden peýdalanylýar. Esasan hem dagdaky çomujyň şiresi has köp we gymmat bahaly hasaplanylýar. Çomujyň şiresi 1, 2, 3 hili bolup, ýurdumyzyň gündogar Köýtendag sebitlerinde duşýan Köýtendag, Surhanderýa görnüşlerinden 1-nji hili önümi almak bolýar. Her gektar ýerde jemi 30 müň baş çomuç ösümligini ösdürip ýetişdirmek mümkindir. Ekilenden soň bu ösümlik suw talap etmeýär, güýz aýlarynda ýere tohumy sepilip, aprel-maý aýlarynda bolsa hasyly ýygnalýar. Hindistan, Päkistan, Hytaý ýaly ýurtlarda bu ösümligi iýmitlik hökmünde peýdalanýarlar, onuň dermanlyk häsiýeti bolsa biziň halk lukmançylygymyzda aşgazan-içege kesellerinde we beýleki keselleri bejermekde giňden bellidir. 

Maýa Amanowa
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Diller kafedrasynyň müdiri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52