Talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

45

2022-nji ýylyň 3-njy maýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wagyz-nesihat we terbiýeçilik işiniň meýilnamasyna laýyklykda guralan bu çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde uniwersitetiň Gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor - Italmaz Saparlyýew , Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri – Abdullaýew Toýly, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň PM-nyň PÝGB-nyň 3-nji bölümçesiniň müdiri – Myradow Maksat we beýlekiler çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmekligi, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmaklygy, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaklygy, hukuk bozulmalaryny duýdurmaklygy, jenaýatçylygyň öňüni almaklygy hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyzy, watansöýüjiligi, milli mirasymyza hormat goýmaklygy, zähmeti söýmekligi, arassa ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekligiň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny nygtadylar. Mundan başga-da pyýada hereket edilende ýoluň gyrasynda we dynç alyş ýerlerinde döredilen ýaşyl zolaklary basmazlygy, üstünde oturmazlygy hem-de pyýadalar üçin ýörite niýetlenen ýerlerden geçmekligi, ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmekligi ýatlatdylar. Çykyş edenler häzirki zaman türkmen jemgyýetinde milli ruhda terbiýelenen ýaşlary kemala getirmegiň, olary giň dünýägaraýyşly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent şahsyýetler bolup ýetişdirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barmakda, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde amala aşyrýan toplumlaýyn işleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Perman KAKAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň II ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52