TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ GURAMAGYNDA OKUWÇYLARYŇ MATEMATIKA WE FIZIKA OLIMPIADASY GEÇIRILDI

964
16-17-nji aprelde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika derslerinden olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bu bilim bäsleşigi Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna we Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda guraldy. Mälim bolşy ýaly, tebigy we takyk ylmy ugurly derslerde berilýän bilimiň dünýä standartlaryna laýyk gelmegini üpjün etmek bilim işgärleriniň esasy wezipeleriniň biridir. Türkmenistanyň umumybilim edaralarynda beýleki ugurlara degişli dersler bilen bir hatarda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri çuňlaşdyryp okatmak ýola goýuldy. Bu ugurlardan ders bäsleşiklerini, internet olimpiadalaryny we test synaglaryny geçirmek ýaly möhüm wezipeleri netijeli durmuşa geçirmäge S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem işjeň gatnaşýarlar.

Olimpiada 11-nji we şoňa çenli, 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda şahsy bäsleşik görnüşinde 3 tapgyrda geçirildi. Bäsleşigiň ilkinji tapgyry aprel aýynyň başynda etrap-şäherlerde degişli mekdeplerde guralyp, olarda her etrapdan we şäherden tapawutlanan 3 okuwçy 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşikleriň 2-nji tapgyry 8-nji aprelde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlaryndan jemi 600-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Bu tapgyrda okuwçylar sanly bilim ulgamyny ulanmak arkaly matematika we fizika derslerinden bilim derejelerini görkezdiler we has tapawutlananlar jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Olimpiadanyň 3-nji — jemleýji tapgyry uniwersitetiň kitaphanasynda geçirildi. Bu tapgyrda gatnaşyjylara 7 mesele hödürlenildi. Olary çözmek üçin 180 minut wagt berildi. Jemleýji tapgyrda toplanan ballaryň jemi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Olar Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.

Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Ekologiýa dersinden hem bäsleşik geçirilipdi. Şeýle bäsleşikler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen umumybilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ýygjam häsiýete eýe bolýandygyny, bilim özgertmeleriniň miwesini berýändigini görkezýär.

Olimpiadanyň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52