XIV UNIWERSIADADAN HOŞ HABAR

257
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär, jemgyýetçilik sagdynlygynyň we ösüşiniň şerti hökmünde ýaşlar sportuna aýratyn üns berilýär. Ýaşlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 15-nji martynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiadanyň çäginde sportuň dzýudo göreşi görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda uniwersitetimiziň agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Omar Rähmedow 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, II orna hem-de Hormat hatyna mynasyp boldy.

Biz hem talyp türgenimizi gutlap, şanly ýylymyzyň şöhratly sahypalaryny bezeýän ajaýyp üstünlikleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52