TALYP GYZLAR BÄSLEŞDILER

226
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilen Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň, orta we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Gyz görki saçda bolar, gül tahýasy başda bolar» atly bäsleşik geçirildi. Ol Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk erap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, Bagtyýarlyk etrap zenanlar bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde guraldy.

Bäsleşikde talyp gyzlar türkmen zenanlaryna mahsus häsiýetleri, asylly ýörelgeleri we milli aýratynlyklary wasp etdiler. Iň uzyn saçly gyzlaryň bäsleşiginde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Aýgül  Babagulyýewa baş baýraga mynasyp boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52