ŞANLY ÝYLDA SPORT ÜSTÜNLIKLERI

208
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp türgenleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny sport üstünliklerine besleýärler. Nobatdaky üstünlikleriň hatarynda ýurdumyzyň çempionatlarynda gazanylan 3 sany birinji orun bar.

Geçen aýda sportuň uşu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Döwran Meretmämmedow 80 kilogram agram derejesinde çykyş edip, I orna hem-de Hormat hatyna mynasyp boldy. 

Şeýle-de 23 — 27-nji fewral aralygynda sportuň kikboksing görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda dokma önümçiligi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Şasenem Akmämmedowa 63,5 kilogram agram derejesinde çykyş edip, I orny hem-de Hormat hatyny eýeledi. Şol görnüş boýunça erkekleriň arasynda geçirilen ýurt boýunça çempionatda dokma önümçiligi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Saparmyrat Taganow 60 kilogram agram derejesinde çykyş edip, I orna hem-de Hormat hatyna eýe boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52