Gidromeliorasiýa
6853Fakultetiň döredilmegi döwlet möçberinde uly göwrümli melioratiw işleriniň maksatnamasy bilen baglanyşyklydyr. 1966-njy ýyla çenli inžener-gidrotehnikleri taýýarlamak oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň düzümindäki gidromelioratiw bölüminde amala aşyryldy.
Gidromeliorasiýa fakulteti aýratyn 1966-njy ýylda döredilen. Fakultetde 2 sany hünär ugurlary boýunça inžener meliorator we ýer gurluşyk inženerler taýýarlanylýar:
- Gidromeliorasiýa;
- Ýer gurluşygy we kadastry.
Hünär ugurlarynyň okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulýan hünär derslerinden bilim berýän mugallymlaryň hünär başarnyklaryny netijeli peýdalanmak hem-de olaryň ylmy-pedagogik tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen, olar ylmy-barlag işlerine giňden çekilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň dürli görnüşlerinde suw tygşytlaýjy dünýäniň ösen tehnalogiýalaryndan peýdalanyp ýurdumyzyň oba hojalygynda ornaşdyrylmagy, täze özgertmeleriň geçirilmegi, inžener melioratorlaryň, şeýle hem ýer gurluşyk inženerleriň taýýarlanyşyna, täzeçe çemeleşmeleri talap edýär. Ýaşlaryň ýurdumyzyň suw hojalyk edara-kärhanalarda işleri guramak we dolandyrmak, ulgamlaýyn seljerme işlerini geçirmek, oba hojalyk maksatly ýerlerden netijeli peýdalanmak boýunça endiklerini kämilleşdirmek zerurlygyny ýüze çykarýar.
Fakultetde dört sany kafedra hereket edýär:
- Oba hojalyk meliorasiýalary;
- Gidrotehniki desgalar;
- Gidromelioratiw işleriň tehnalogiýasy;
- Ýer serişdeleri;