Ýer serişdeleri kafedrasy

55

1994-nji ýylda Oba hojalyk mehanizasiýasy we gidromelioratiw sistemalary ulanmak kafedranyň düzüminde Ýer gurluşygy hünäri açyldy we 2000-nji ýyla çenli Ýer gurluşygy hünäri şol kafedranyň düzüminde boldy.
2000-nji ýylyň 1-nji iýunyndan Oba hojalyk meliorasiýasy we gidromelioratiw sistemalary ulanmak kafedrasy ikä bölünip, onuň esasynda Ýer serişdeleri kafedrasy döredildi. Kafedrada hünäri boýunça önümçilikde uly tejribeleri bolan mugallymlar işläp, ýaşlara ylym-bilim berýärler.
Kafedranyň mugallymlary Ýer gurluşygy we kadastry, Gidromeliorasiýa hünärlerinde, şeýle hem Agronomçylyk we Agroekologiýa ../fakultetleriniň ähli hünärlerinde, Agroekologiýa we Ýylaldyşhana hojalygy taýýarlyk ugurlarynda okuw sapaklaryny geçýärler.
Ýokary okuw mekdeplerde hünärler boýunça ýaşlara berilýän ylym-bilimi has-da kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek, şeýle hem Ýer kadastrynyň häzirki döwürde ýerden netijeli peýdalanmakda, ýer gurluşygynda sanly ulgamy ornaşdyrmakdaky ähmiýetini göz öňünde tutup, 2019-2020-nji okuw ýylynda Ýer ulanyş hünäriniň ady üýtgedilip, “Ýer gurluşygy we kadastry” diýip atlandyryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52