OLIMPIADA-2023

3687

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny gurnamak we geçirmek hakyndaky 


DÜZGÜNNAMA


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak babatynda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesinden ruhlanyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, alnyp barylýan ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, ýiti zehinli, maksada okgunly ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ekologiki bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek, ylmy-döredijilik işine we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny, şeýle-de özara dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak we bäsleşiklerde netijeli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny geçirmek boýunça şu düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.


1.Umumy düzgünler

Şu düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny (mundan beýläk – olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. 

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan we uly depginler bilen ösýän döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, ýiti zehinli we başarjaň, özbaşdak işlemäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmakdan, ussat hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu olimpiadany yzygiderli geçirmek Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyna geçendigini we geljekde bu ulgamy has-da ösdürjek hünärmenleriň ýetişjekdigini, şeýle hem, ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalary ulanmaga ukyplydygyny görkezer.

II açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasynyň geçirilmegi, dünýäniň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmagy we ekologiki meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.


Olimpiadanyň maksady we wezipeleri:

-Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrmak;

-ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we gerimini giňeltmek;

-talyplaryň döredijilik ukyp başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak;

-aýratyn zehinli ýaşlary goldamak üçin gerekli şertleri döretmek, ýaşlaryň arasynda ylym-bilimi ýaýratmak we öňe sürmek;

-ýaşlary mundan beýläk-de bilimini kämilleşdirmeklige ruhlandyrmak;

-häzirki döwürde ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen ýüze çykýan ekologiki meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek;

-talyplaryň ekologik sowatlylygyny – tebigaty goramak we ekologiýa gatnaşyklaryny öz geljekki hünärlerinde peýdalanyp bilmek ukyplaryny ösdürmek;

-sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplarda ekologiýa we daşky gurşawy goramaklyga degişli nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek.


2.Olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.


Guramaçylyk topary:

-ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu olimpiadany geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;

-olimpiadany geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we  gözükdiriji gollanmalary taýýarlaýar;

-Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen olimpiadanyň meselelerini işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.


3.Olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi

3.1. Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň talyplary gatnaşyp biler.

3.2. Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleridir.

3.3. Olimpiada gatnaşmak üçin aşakda “agza bolmak” düwmä basyp, gatnaşyjy baradaky maglumatlary girizip, agza bolmaly. Hasaba alnyşyk 2023-nji ýylyň 3-nji dekabryna çenli dowam eder. 

3.4. Olimpiadanyň işi 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda we “moodle” platformasynda geçiriler.

3.5. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde geçiriler.

3.6. Olimpiada ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda geçiriler we ähli gatnaşyjylar ekran arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

3.7. Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin jemi 90 minut wagt beriler.

3.8. Olimpiadada beriljek ýumuşlar ekologiýanyň aşakdaky bölümleri boýunça taýýarlanylýar:

- populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy;

- adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri;

- senagat ekologiýasy;

- ekologiki monitoring;

- ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar. 

3.9. Olimpiada gatnaşýan talyp berlen ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Olimpiada geçýän döwründe talyba gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşmeklige, dürli edebiýat çeşmelerinden we internet ulgamynyň beýleki sahypalaryndan peýdalanmaklyga, telefon, kalkulýator we ş.m. ulanmaklyga rugsat berilmeýär. Şu düzgüni bozan talyp olimpiada gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.

3.10. Olimpiadada beriljek ýumuşlar Guramaçylyk topary tarapyndan hödürleniler.

3.11. Olimpiada gatnaşýan talyplaryň işleri programma üpjünçiligi arkaly bahalandyrylar we netijeleri jemlener.

3.12. Şol bir ýokary okuw mekdebiniň talyplary birmeňzeş netije görkezen (dogry we nädogry jogaplary deň gelen) ýagdaýynda düzgün bozulma hasap ediler we talyplaryň işleri bahalandyrylmaz.

3.13. Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy Guramaçylyk toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler. Arz-şikaýatlar Guramaçylyk topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni Guramaçylyk toparynyň başlygy kesgitleýär. Bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.


4.Olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

4.1. Olimpiadanyň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär.

4.2. Olimpiadanyň netijeleri beýan arkaly resmileşdirilýär we Guramaçylyk toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

4.3. Ýeňijileriň sany gatnaşyjylaryň umumy sanyna (50 %-den geçmeli däl) görä kesgitlenilýär.

4.4. Olimpiadanyň ýeňijileri: 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.

 

5.Olimpiada geçirilýän döwründe berjaý edilmeli düzgünler

II açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyna gatnaşyjy talyplar aşakdaky düzgünleri hökmany berjaý etmelidir: 

1) talyp ýany bilen diňe ýazuw kagyzyny, ruçka ýa-da galam alyp biler;

2) talyp ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe olimpiada degişli programma üpjünçiligi bilen işlemeli; 

3) kompýuterler we wep-kameralar üznüksiz internet toruna birikdirilen bolmaly;

4) olimpiada geçirilýän döwri talyplara gürleşmek, biri-birine zat geçirmek, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmak gadagan;

5) talyp ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda tehniki näsazlyklar ýüze çykan halatynda olimpiadanyň gurnaýjylaryna ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärlerine ýüz tutup biler.

 

AGZA BOLMAK

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm