CLAAS okuw merkezi

3183

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Claas” kompaniýasynyň öndürýän traktorlary, däne we pagta ýygýan kombaýnlary, azallary, ekerleri hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalary Türkmenistanyň ekin meýdanlarynda giňden ulanylýar. Şol sebäpli, uniwersitetde bu kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalaryna erketmekde hünär derejelerini kämilleşdirmek maksady bilen täze döwrebap okuw merkezileri döredildi.
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň çäginde 40 sany talyplyk 2 sany okuw otagyndan ybarat 2012-nji ýylda düýbi tutlyp Germaniýanyň Claas firmasynyň okuw merkezi ulanmaga berildi.
Okuw merkezinde bar bolan Claas Tukano-430 kysymly däne ýygýan kombaýnyň gurluşyny, işleýşini we işe taýýarlaýyş çärelerini öwrenmek hem-de dolandyrmak endiklerini talyplara öwredilýär.
Ondan başga-da Axion-850 kysymly sürüm traktorynyň we şol traktoryň dwigateliniň we şassisiniň asyl nusgasy hem-de LEMKEN kysymly 5 tutumly öwrüm azalynyň asyl nusgasynyň esasynda olaryň gurluşyna, işleýşine we ideg geçirip işe taýýarlanyş endikleri hem maglumatlary talyplara öwredilýär.
Okuw merkezine degişli GASPARDO-MT, M kysymly takyk ekijileriň nusgasynda Axos-340X kysymly bejergi traktorlaryň we oňa goşulan СХУ-4 kysymly gowaça çigidini ekiji maşynlaryň nusgasynda olaryň gurluşy, işleýşi we işe taýýarlanyş çäreleri boýunça şeýle hem dürli oba hojalyk ekinlerini ekilmek tehnologiýasyna degişli sapaklar geçirilýär.
Okuw merkezinde 40 talyplyk orunly 2 sany multimediýa tagta bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary işleýär. Şol bir wagtda okuw merkezinde degişli oba hojalyk maşynlaryna hyzmat işlerini amala aşyrmak üçin göteriji enjamlar (tallar) we senetler toplumy bilen enjamlaşdyrylan.
Talyplaryň okuw we önümçilik tejribeliklerini geçmek döwründe Claas firmasynyň oba hojalyk tehnikalarynyň daýhan hojalyklarynda işleýşini, olara hyzmat ediş çärelerini öwrenmek maksatly talyplaryň baryp gelmegini üpjün edýän Huinday firmasynyň awtobuslary bilen amala aşyrylýar. Mundan başgada uniwersitetiň okuw-tejribe hojalygynda Claas firmasynyň bar bolan we işleýän Jaguar-850 we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň gurluşy, işledilmegini we ideg geçirmek işleri bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçilikleri döredilýär.



Paýlaş

CLAAS okuw merkezi

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Claas” kompaniýasynyň öndürýän traktorlary, däne [...]

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52