Ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasy

126

Ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasy Agroekologiýa fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra 2006-njy ýylda Tutçulyk we pileçilik, 2009-njy ýylda Bagbançylyk we gök ekerançylyk, 2010-njy ýyldan bäri Ýüpekçilik we ösümlikleri goramak ady bilen hereket edýär.
Kafedrada uniwersitetdäki degişli hünärleriň okuw meýilnamalarynyň ýörite dersler toplumynyň düzümine girýän degişli dersler boýunça umumy, tejribelik we amaly okuwlaryny geçirmek bilen, Ýüpekçilik hem-de Ösümlikleri goramak hünärleri boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga ýolbaşçylyk edýär.
Kafedranyň mugallymlary tarapyndan ösümlikleri zyýankeşlerden goramak üçin himiki serişdeleri rejeli ulanyp, biologiki we agrotehniki göreş usullaryny önümçilige ornaşdyrmak, ýüpekçilik pudagyny ösdürmekde ylmy çemeleşmelere esaslanmak we bu wezipeleri çuňlaşdyryp öwretmeklik işleri alnyp barylýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52