Geljegiň inženeri

184
Uniwersitetiň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetindäki «Geljegiň inženeri» ylmy gurnagynda talyplaryň okuw döwründe öwrenen nazary bilimlerini ylmy-barlag we konstruktorçylyk amallarynda ulanmak, ylmy barlaglaryň netijelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler netijeli alnyp barylýar. Munuň şeýledigini gurnakda taýýarlanan «Ýyladyşhanalary dürli görnüşli suwarmagyň mümkinçiliklerini barlamak», «CLAAS okuw merkeziniň özgerdilen binasy», «Uly şäherleriň awtoulag duralgalaryny sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrmak», «Dürli mallaryň we guşlaryň dersleriniň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny işläp düzmek», «Dürli kranlara elektrik togy esasynda hereketlenýän göteriji lift ulgamyny ornaşdyrmak» maket taslamalarynyň, okuw sapaklary üçin hereket edýän traktor dwigateliniň, ekiji maşynyň, traktorlaryň bejergi kärhanasynyň, sanly ulgam arkaly işleýän ammarlarda ulanylýan konweýeriň maket taslamalarynyň taýýarlanmagy hem tassyklaýar. 
Gurnagyň agzalary uniwersitetiň çäginde geçirilýän bäsleşiklerde, şol sanda «Akyl giňişligi» atly bäsleşikde öňdäki orunlara mynasyp bolýarlar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm