Dokmaçylar

749
Dokma önümçiligi fakultetinde hereket edýän «Dokmaçylar» ylmy gurnagynda asyrlaryň dowamynda ene-mamalarymyzyň kämilleşdiren el işlerini, dokmaçylyga degişli milli mirasymyzyň inçe syrlaryny öwrenmek, olary nesilden-nesle geçirmek ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Bu ugurda ussat dokmaçylar, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmenleri bilen tejribe alşylýar.
Gurnakda biçimçilik, tikinçilik bilen birlikde, türkmen keşdeçilik sungaty, basma, gaýma, keşde, köjüme, çigme, ilme, orama, garalama, pugtama ýaly el bejergileri, kök atma, ýörmeme, ewşirme ýaly tikin usullary ýaşlara öwredilýär. Zenanlaryň, erkekleriň we çagalaryň egin-eşikleri taýýarlanýar. «Dokmaçylar» ylmy gurnagynyň agzalary alaja, aldymgaç örmek, jäheklemek işlerine-de ezber bolýarlar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm