Altyn damja
825Gidromeliorasiýa fakultetiniň «Altyn damja» ylmy gurnagynda toprakdan galdyrylan bentleriň ýapgytlyklaryny berkitmegiň usullaryny öwrenmek we kämilleşdirmek, Garagum derýasyndaky sil geçiriji desgalary ulanmak boýunça görkezmäniň taslamasyny işläp taýýarlamak, dürli özleşdiriji ekinler bilen şorlaşan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, zeý suw akabalarynyň suwlaryny duzsuzlandyrmak hem-de olary ekerançylykda netijeli peýdalandyrmak, suwaryş ulgamlarynda suw ýitgilerine garşy çäreler, Türkmenistanyň döwlet ýer kadastrynyň takyk sanly kartografiki esaslaryny işläp düzmek boýunça ylmy barlag işleri alnyp barylýar.
Bu ylmy gurnagyň agzalary halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, seminarlara işjeň gatnaşýarlar. Halkara derejede tejribe alyşmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (UNDP), Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), Ýaşyl howa gaznasy (GCF), Bütindünýä ekologiýa gaznasy (GEF) ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär.