Ýaş agrohimik
1294«Ýaş agrohimik» ylmy gurnagy hem Agroekologiýa fakultetinde hereket edýär. Onuň agzalary ýurdumyzyň suwarymly ekerançylygynyň topraklarynyň melioratiw ýagdaýyny, topragyň düzümindäki çüýrüntgisiniň hem-de hereketlenýän fosforyň, çalyşýan kaliniň mukdaryny, şorlaşma derejesini kesgitlemek, toprak nusgalarynyň agrohimiki seljermelerini geçirmek, biogumus öndürmek boýunça ylmy-barlaglary alyp barýarlar. Bu babatda biogumus tejribehanasynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylýar.
2023-nji ýylyň noýabrynda «Ýaş agrohimik» gurnagynyň agzalary Özbegistanyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy institutynyň professor-mugallymlary, talyplary bilen onlaýn görnüşde geçirilen «Topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak we gurplulygyny ýokarlandyrmagyň innowasion tehnologiýalary» atly okuw-usuly maslahata gatnaşdylar.