Ýaş agroekolog
1863Agroekologiýa fakultetiniň «Ýaş agroekolog» ylmy gurnagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologik başlangyçlary, agroekologiýanyň möhüm meseleleri düýpli öwrenilýär hem-de wagyz edilýär. Gurnagyň agzalary ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy ýerleri, şol sanda paýtagtymyzdaky Botanika bagy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle-de tebigatyň gözel ýerlerine syýahatlar guralýar, ylmy bäsleşiklerdir ylmy-amaly maslahatlara işjeň gatnaşylýar.
«Ýaş agroekelog» ylmy gurnagynyň agzalary ekologiýa degişli halkara guramalar, ugurdaş düzümler bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. Muňa mysal hökmünde 2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan uniwersitetiniň Inžener ekologiýasy kafedrasynyň professor-mugallymlary bilen geçirilen «Daşky gurşawyň howa şertlerini goramagyň innowasion tehnologiýasy» atly onlaýn okuwyny görkezip bolar. Bu ugurlarda gazanylanlar «Ýaş agroekolog» diwar gazetinde beýan edilýär.