Dünýäde Täze ýyl nähili garşylanýar?


Ine ýene bir ýyl ahyrlap barýar. Täze ýyl baýramçylygy golaýlaýar. Bu baýramçylyk bütin dünýäde uly şowhun, şatlyk bilen bellenilip geçilýär. Bedew bady bilen öňe sary ilerleýän güneşli diýarymyzda hem Täze ýyl baýramçylygy uludan baýram edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli dürli medeni çäreler geçirilýär.
Dünýäniň dürli ýurtlary Täze ýyl baýramçylygyny öz gadymdan gelýän däp-dessurlaryna görä garşylaýar. Gadymyýetden bäri halklaryň arasynda “Täze ýyly nähili garşylasaň, bütin ýyly şeýle geçirersiň” diýen ynanç bar. Şonuň bilen baglylykda, dünýä ýurtlarynda bu baýramçylyk mynasybetli dürli çäreler geçirilýär.
Angliýada gadymy däbe görä sagat 00:00-da öýüň arka gapysyny açýarlar. Şeýdip köne ýyly geçirip göýberýärler. Öňki gapyny açyp bolsa Täze ýyly garşylaýarlar.
Wengriýada Täze ýylyň ilkinji sekuntlarynda adamlar çaga tüýdüklerini we dürli jürlewükleri çalýarlar. Wenger halky şeýtmek bilen öýdäki erbet ruhlary kowup, bagt we abadançylygy çagyrýandygyna ynanýarlar. Şeýle hem wengerler Täze ýyl naharlarynyň jadyly güýjüne ynanýarlar. Nohutdyr noýbanyň adam bedenindäki güýji saklaýandygyna, almanyň owadanlygy, söýgini, hozuň erbetliklerden goraýandygyna, balyň bolsa durmuşy süýjedýändigine ynanýarlar.
Germaniýada dürli ýaşdaky adamlar ýarygijede stoldyr oturgyja münüp, olaryň üstünden böküp düşýärler. Oba ýerlerinde bolsa gadymdan gelýän däp-dessurlar saklanyp galypdyr.
Rumyniýada durmuşa çykmadyk gyzlar guýynyň ýanyna gelip, şol ýerde şem ýakýarlar we guýynyň düýbüne seredýärler.
Gresiýada Täze ýyl keramatly Wasiliniň güni hasaplanýar. Ol juda mähirliligi bilen tanalypdyr. Şol gün çagalar öz köwüşlerini pejiň gapdalynda goýýarlar. Keramatlynyň ony sowgatlar bilen doldurjakdygyna ynanýarlar.
Italiýada köne ýylyň soňky minutlarynda jaýlaryň aýnalaryndan döwlen gap-çanaklar, köne eşikler hat-da mebeller hem zyňylýar. Olaryň yz ýanyndan bolsa dürli partladyjylar atylýar, şemler ýakylýar. Täze ýyl gijesi köne zatlaryňy zyňan ýagdaýyňda täze ýylda täze haryt satyn alynýandygyna ynanýarlar. Çagalar bolsa şol gije jadygöý Befanu öz sübsesi bilen jaýa girip, çaga köwüşlerini oýunjakdyr sowgatlardan doldurar diýip garaşýarlar.
Ispaniýada Täze ýyl gijesi üzüm iýmek däbi bar. Sagat 00:00-a çenli 12 üzüm dänesini iýmeli. 12 üzüm dänesi 12 aýy alamatlandyrýar.
Şotlandiýada Täze ýyl özboluşly çäreler bilen garşylanýar. Şotlandlar garaýag çeleklerini ýakyp, olary köçelerde tigirleýärler. Şeýdip, şotlandlar köne ýyly ýakyp Täze ýyly şöhlelendirýärler.
Skandinawlar Täze ýylyň ilkinji sekuntlarynda stoluň başyna jemlenip gygyrýarlar. Olar şeýtmek bilen maşgaladan şowsuzlygy kowýandyr öýdýärler.
Hytaýda Täze ýyl baýramçylygy çyralaryň baýramy hasaplanýar. Täze ýyl gijesi köçelerde we meýdançalarda kiçijik çyralar asylýar. Şol çyralaryň şöhleleri erbet ruhlary kowýar.
Wýetnamda Täze ýyl baýramçylygy “tet” diýlip atlandyrylýar. Bu maşgala baýramçylygy hasaplanýar. Şol gün maşgala agzalarynyň arasyndaky öýke-kine ýatdan çykarylýar. Wýetnamlylar öýlerini dürli bezegler bilen bezeýärler.
Mongoliýada Täze ýylyň birinji güni ählihalk gezelençleri guralýar. 1-nji ýanwar – Täze ýyl baýramçylygy hökmünde bellenilýär. Şol gün Aý-Gün senenamasyna görä, “Sagana sar” diýlip atlandyrylýar. Ýurduň däp-dessuryna görä, her maşgala köne ýyly dabaraly ugradýarlar. Şol gün jedelleşmek, gaharlanmak, käýişmek we kimdir birini aldamak gadagandyr we uly günä hasaplanýar.
Ýaponiýada Täze ýyl iň bir uly baýramçylyklaryň biri hasaplanýar. Ýapon çagalary Täze ýyly täze egin-eşikler bilen garşylaýar. Şeýle hem olar şol gije ýassygynyň aşagyna öz arzuwlary suratlandyrylyp çekilen suraty goýup ýatýarlar. Täze ýylyň ilkinji güni ýaponlar biri-birini Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, sowgat berýärler. Täze ýyl gijesi 108 gezek jaň kakylýar.
Kubada Täze ýylyň öň ýanynda öýdäki gap-çanaklary suw bilen doldurýarlar. Şol günüň ýarygijesinde bolsa aýnadan gap-çanaklardaky suwy döküp başlaýarlar. Şeýtmek bilen Kubanyň ýaşaýjylary Täze ýylda suw ýaly arassa we dury ýol arzuw edýärler.
Wenesuelada hem Täze ýyly gutlamagyň özboluşly däpleri bar. Ähli dogan-garyndaşlar bir ýere üýşüp, “la hallaka” tagamyny taýýarlaýarlar. Ol örän lezzetli tagam. Ony Täze ýyl gijesi işdämenlik bilen iýýärler, biri-birini baýramçylyk bilen gutlaýarlar, öz aralarynda bar bolan öýke-kinäni unudýarlar.
Braziliýada Täze ýyl baýramçylygy “lemenje” diýlip atlandyrylýar. Deňiz kenarlary adamdan dolýar. Olar şol ýerde aýdym aýdyp şatlanýarlar.
Nepalda Täze ýyly günüň dogmagy bilen garşylaýarlar. Täze ýyl gijesi bolsa nepallylar uly ot ýakyp, şol ýere gerek däl zatlaryny zyňýarlar. Ertesi gün bolsa boýag baýramçylygy başlanýar. Adamlar ýüzüni, elini reňkleýärler. Soňra aýdym aýdyp, tans edip başlaýarlar.
Russiýa Federasiýasynda Täze ýyl baýramçylygy uly şatlyk we şagalaň bilen bellenilýär. Ýurduň ähli ýerinde arça agaçlary bezelýär, feýerwerkler atylýar, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.
Karaýewa Güljehre
Dokma önümçiligi fakultetiniň mugallymy