Garagum - hazynaly hum


Gadymy Jeýhunyň sag we çep kenaryna ýanaşyk ýerleşýän Garagum we Gyzylgum çölleri türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjydyr. Çöller özboluşly tebigaty, özüne mahsus ösümlik we haýwanat dünýäsi, gurak, yssy howa şerleri bilen beýleki ulgamlardan tapawutlanýar.
Garagum! Gözel Garagum! Sen türkmeniň göz guwanjy, humly hazynasysyň. Seniň güneşli ülkämiziň territorýasynyň 80 göterimini tutup ýatan, aňyrsyna – bärsine göz ýetmeýän meýdanyň oňurgaly haýwanlaryň ýüzlerçesiniň, dürli mör – möjekleriň 5 müňe golaýynyň öýüdir. Seniň göwsüňde ýatan kükürtli, nebitli, gazly, ýerasty suwly ýataklar bolsa halkymyzyň baýlygydyr, genji – hazynasydyr. Bu barada bary-ha, geçen asyrda, 1925-nji ýylda türkmen halkymyzda “Çöl gämisi” hasaplanylýan düýe bilen syýahata çykan belli çöl öwreniji alym, akademik A.E. Fersman hem “Garagum zähmet adamsynyň kär edip bilmejek yns – jynssyz çöllügi däldir. Ýok, ol türkmen tebigatynyň entek açylmadyk baýlygydyr” diýip, belläpdi. Seniň görküne görk goşup oturan sazakdyr selin, sözendir gandym, çerkezdir çogan, ýylakdyr ýepelek, siňrendir borjak ýaly ösümlikleriň bolsa goýnuňda aglap – dönüp ýören süri – süri dowarlar, düýeler üçin hörekdir.
Gözel Garagum! Sen dünýäniň iň uly çölleriniň birisiň! Sen ençeme asyrlary başyňdan geçirip, ençeme taryhy wakalaryň, açylmadyk syrlaryň şaýadysyň. Halkymyzyň şöhratly müňýyllyklara uzap gidýän taryhy, durmuşy siziň bilen baglanyşyklydyr. Biziň ata – babalarymyzyň ýagyş suwy bilen bag – bakja ösdürmegiň hötdesinden gelip,dürli ösümliklerden boýag, ýelim we zyýanly mör – möjeklere garşy derman ýasamagy-da başarypdyrlar. Derman ösümliklerinden peýdalanyp, dürli melhemleri-de ýasapdyrlar. Şor, duzly suw guýularyň suwuny süýji suwa öwürmegiň, bulanyk kak suwlaryny durlamagyň usullaryny-da tapypdyrlar. Gum içinde oturmaly çarwa adamlarynyň goýundyr geçi süýdüniyrýa etmän adam saglygy üçin diýseň peýdaly iýmitler, çarwa tagamlary bolan akgurt, garagurt, sargan, saryýag, turşuja, peýnir ... taýýarlaryşlary-da täsin, öwrenäýmeli mekdep. Olar bu işlerde hemişe pedelerimiziň “ Aşyny aýan, aşa ýeter” diýen ajaýyp pähiminden ugur alýarlar. Hakyky çarwa, çöl adamsy şeýle-de bolmaly. Şonuň üçinde çölüň goýnunda ýaşaýan çarwalarymyzyň “Garagum- meniň öýüm” diýip, söýüp, söýgüleýärler. Olar Garagum çölüne, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsine hem eýegözün seredýärler.
Garagum ösümlik dünýäsi öri meýdanlarynyň bezegi bolan mal oty hökmünde ulanylýan ýylak, gyrtyç, çogan, çerkez, borjak, ýowşan, gandym, aşygaty, arpagan, epelek... ýaly ösümliklere baý. Şol ösümlikler çölde bakylýan garaköli goýunlaryň we ajaýyp saryja tohumly goýunlarymyzyň esasy iýmit hazynasydyr. Olaryň önümliligi gös – göni şol ösümliklerine baglydyr. Çöl ösümlikleriniň arasynda, esasan-da ýaz otlary has-da gymmatlydyr. Çölde mal oty üçin ulanylýan ösümlikler paslyň üýtgemegi bilen üýtgäp durýarlar. Ýylak, çogan, çerkez, borjak ýaly ösümlikler bolsa, ýylyň bütin dowamynda mallara iýmit, hörek bolup bilýär. Ojar, sazak, gandym ýaly çöl daragtlary bolsa, tomus we güýz, gyş pasyllarynda ot-iým üçin has köp ulanylýar.
Häzirki wagtda Garagumuň goýnunda ýerleşýän çarwa obalaryny görmäne göz gerek. Indi çarwa obalary hem keşbini üýtgedip, täze döwrebap keşbe eýe bolýar. Garagum barada gürrüň etmek hemişede ýykymly. Onuň müň bir derdiň dermany bolan çöl ösümlikleri buýsançly gürrüňlere, söhbetlere mynasyp. Şonuň üçin hem bagtyýar ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna hazanaly humumyz bolan Garagum çölümize seýran etmegi, onuň täsinliklerini synlamagy maslahat berýärin.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çölleriň ösümlik dünýäsini gorap saklamak, ösdürmek, tebigatymyzy baýlaşdyrmak, olary rejeli peýdalanmak baradaky ýurdymyzda alnyp barylýan ekologiya syýasatyny durmuşa geçirmäge, işjeň gatnaşmak ählimiziň borjumyzdyr.
MÄMMEDOWA Enegül.
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň mugallymy